Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Ýokary liga: çempionlyk rekordy

 

Soňky üç-dört möwsümde bolşy ýaly, futbol boýunça milli ligamyzyň Ýokary ligasynyň 26-njy möwsüminde hem “Altyn Asyr” - “Ahal” bäsdeşligi dowam etdi. Soňky iki möwsümde “Ahalyň” çempionlygy iň soňky aýlawda giderip, çempionaty kümüş medal bilen tamamlandygyny bellemek gerek. Onuň tersine soňky aýlawy “bir demde” geçen paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” bassyr bäşinji çempionlygyny gazandy. Şol bir toparyň bassyr bäş gezek çempion bolmagy Ýokary liganyň XXVI möwsüminiň esasy aýratynlygy bolsa gerek.

Mundan alty-ýedi ýyl öň hem çempionlyk yzyna çempionlyk tirkän “Nebitçiniň” bu möwsüm has pes netije görkezmegini, “Şagadamyň” bürünç medaly soňky tapgyrlarda “Energetige” gidermegini, “Köpetdagyň” Kubok bäsleşindäki ýeňşini möwsümiň beýleki aýratynlyklarynyň hataryna goşup bileris. Şeýle-de bolsa, aýratynlyklar diňe bular bilen çäklenmeýär. Aşakda biz şolaryň birnäçesine okyjylarymyzyň ünsüni çekmek isleýäris. Ýöne, turuwbaşdan, bir zady aýtmak gerek: maglumatlar, esasan, şahsy hasaplamalarymyza daýanýar.

8 basgançakda 46 utuk tapawut: Möwsümi çempionlyk bilen tamamlan “Altyn Asyr” 28 duşuşykda 66 utuk toplan bolsa, ýaryş tertibiniň soňky ornunda ornaşan “Nebitçi” diňe 20 utuk toplady.

Ýeňiş, deňlik, ýeňliş: Möwsümde iň köp ýeňiş gazanan topar “Altyn Asyr” (21 ýeňiş), duşuşyklary iň köp deňlikde tamamlany “Merw” boldy (11 deňlik), iň köp ýeňlen topar bolsa “Nebitçidir” (20 ýeňliş).

Iň netijeli futbolçylar: “Altyn Asyryň” futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geçiren 19 topy bilen Ýokary liganyň şu möwsüminde iň köp tapawutlanan futbolçysy boldy. Şeýlelikde, Ýokary ligada 2015-nji ýyldan bäri ýarym goragçy ilkinji gezek bir möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmagy başardy. 2016-njy ýylyň iň netijeli oýunçysy bolan“Ahalyň” hüjümçisi Süleýman Muhadow bu gezek ikinji orny eýeledi. Ol garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 17-sini geçirdi.

Çempionat iki aýlaw bolan bolsa: Okyjylarymyzyň köpüsi netijeli futbolçylaryň üçlügini “Altyn Asyryň” hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň jemländigini bilýändir. Ýogsa, möwsümi Azerbaýjanyň “Sabailinde” başlan bu futbolçy milli çempionatymyza üçünji aýlawdan goşuldy. Ýöne awgust – noýabr aralygynda üç ýaryşda-da (Ýokary liga, Ýurdumyzyň Kubogy, AFK-nyň Kubogy) Orazsähedowyň futbol hünärmenleriniň ünsüni çekendigini nygtamak gerek. Ýokary ligada dagy ol soňky iki aýlawda 10 gezek tapawutlanyp, şu möwsümde pökgi geçiren 96 futbolçynyň 93-sini yzda galdyrdy.

96-dan biri: Ýokarky bölümde möwsümde 96 futbolçynyň tapawutlanandygyny agzapdyk. Täsin ýeri, şolaryň diňe biri – Döwlet Döwletmyradow bir möwsümde iki toparda tapawutlanmagy başardy. Çempionatyň birinji ýarymynda “Köpetdagyň”, ikinji ýarymynda bolsa “Merwiň” düzüminde çykyş eden futbolçy möwsümiň dowamynda iki toparda hem pökgi geçirdi.

7 möwsüm bäri: Ýokary liganyň soňky 7 möwsümi bäri tapawutlanyp gelýän futbolçylary hem nazarymyzdan salmaýarys. 2018-nji ýylyň futbol möwsüminden soň 268 futbolça ýeten bu sanawyň başyny milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Süleýman Muhadow çekýär. 2012-nji ýyldan bäri “Aşgabat”, “Ýedigen”, “Altyn Asyr”, “Şagadam” we “Ahal” toparlarynyň düzüminde çykyş eden futbolçy, hasaplamalarymyza görä, diňe Ýokary ligada 142 pökgi geçirdi. Ýeri gelende aýtsak, ikinji orundaky Myrat Ýagşyýewiň şol möwsümden bäri 111, üçünji orundaky Didar Durdyýewiň 95 pökgüsi bar. Ilkinji bäşligi 83 topy bilen Hemra Amanmämmedow we milli ýygyndymyzyň ozalky hüjümçisi Mämmedaly Karadanow (76 pökgi) jemleýär. Ýokary liganyň 26-njy möwsüminiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewiň bolsa 2015-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýändigini ýokarda ýazypdyk. Ol şol möwsümden bäri Ýokary ligada 68 gezek tapawutlandy. Ýeri gelende aýtsak, Ýokary ligada arakesmeler bilen futbol oýnaýan Wahyt Orazsähedow 45 pökgi bilen 7 möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 15-ligine girdi.

Iň netijeli hem-de iň golsuz tapgyrlar: 25-nji tapgyr geçen möwsümiň iň netijeli tapgyry bolup, netijeli urgularyň 17-si derwezelere geçirildi. Az pökgi geçirilen tapgyr bolsa 13-nji tapgyrdyr. Bu tapgyrdaky dört duşuşyk bary-ýogy 4 pökgi bilen tamamlandy.

277 pökgi: Geçen möwsümde derwezelere 277 pökgi geçirildi. Iň köp pökgi geçiren topar “Altyn Asyrdyr”. “Aragatnaşykçylar” 28 duşuşykda garşydaşlarynyň derwezelerine 65 pökgi geçirdiler. Ikinji orundaky “Ahalyň” hasabynda 55 pökgi bar. Geçirilen pökgüler baradaky hasaplamalaryň iň täsin tarapy çempionaty iň soňky orunda tamamlan “Nebitçiniň” 30 pökgi geçirip, bu sanawyň üçünji basgançagynda ornaşmagyndan ybaratdyr.

Bir duşuşykda 8 pökgi: 25-nji tapgyryň geçen möwsümiň iň netijeli tapgyrynyň bolmagynda “Nebitçi” - “Altyn Asyr” duşuşygynyň paýy uludyr. 1:7 hasabynda “aragatnaşykçylaryň” peýdasyna tamamlanan duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, tutuş möwsümiň hem iň kän pökgi geçirilen duşuşygydyr. Ýeri gelende aýtsak, çempionatda geçirilen 112 duşuşygyň ikisi 7 pökgi, üçüsi bolsa 6 pökgi bilen tamamlandy. Täsin tarapy, bu duşuşyklaryň ählisinde-de ýeňijisi “Altyn asyr”, ýa-da “Ahal” boldy.

6 pökgülik tapawut: Ýokary liganyň taryhynda ýeňiji topar bilen ýeňlen toparyň arasynda has uly tapawutlara hem gabat geldik. Ýöne 26-njy möwsümde iň uly tapawut 6 pökgi boldy. Ol hem 25-nji tapgyryň çäginde “Nebitçi” bilen “Altyn asyryň” (1:7) duşuşygynda hasaba alyndy. 24-nji tapgyrda “Altyn Asyr” Aşgabatda “Şagadamy” 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşyk iň uly tapawut bilen gazanylan ýeňişleriň sanawynda ikinji orny eýeledi.

Toparlaryň iň köp tapawutlanan futbolçylary: Hasaplamalarymyzda 2013-nji ýylyň başyndan bäri Ýokary ligada geçirilen duşuşyklarda toparlaryň düzüminde iň köp tapawutlanan futbolçylaryň hasabatyny hem siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Hasaplamalarymyza laýyklykda, şol möwsümden bäri Süleýman Muhadow “Altyn Asyrda” (63 pökgi), Wahyt Orazsähedow “Ahalda” (33 pökgi), Alibek Abdyrahmanow “Energetikde” (20 pökgi), Aleksandr Boliýan “Şagadamda” (57 pökgi, 2010-njy ýyldan bäri), Begenç Alamow “Merwde” (37 pökgi), Elman Tagaýew “Aşgabatda” (29 pökgi), Öwezbaý Muhammetmyradow “Köpetdagda” (16 pökgi) we Mämmedaly Karadanow “Nebitçide” (46 pökgi, 2010-njy ýyldan bäri) iň köp tapawutlanan futbolçylardyr. Maglumatlara üns beren bolsaňyz, käbir futbolçylaryň netijesi 2010-njy ýyldan bäri alynýar. Olar 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň çempionatynda azyndan bir gezek iň netijeli futbolçylaryň ilkinji üçlügine giren oýunçylardyr. Şeýle bolansoň, Internet ulgamyndan olaryň netijeleri baradaky maglumatlary seljerip, bu hasaplamalara goşduk.

Poker, het-trik: “Altyn Asyryň” ýarym goragçysy Altymyrat Annadurdyýew geçen möwsümde bir duşuşykda dört gezek tapawutlanan ýeke-täk futbolçydyr. Ol bu netijäni 24-nji tapgyrda “Şagadam” bilen geçirilen duşuşykda gazanmagy başardy. Möwsümde het-trik edip, bir duşuşykda üç gezek tapawutlananlaryň sanawynda üç futbolçy bar. Gyzykly ýeri, şolaryň biri hem Altymyrat Annadurdyýew. Bu sanawyň başyny Süleýman Muhadow çekýär. Tejribeli hüjümçi geçen möwsümde iki duşuşykda (1-nji we 26-njy tapgyrlarda) üç pökgüden geçirmegi başarypdy. “Het-trikçileriň” üçlügini “Ahalyň” ýarym goragçysy Guwanç Abylow jemleýär.

Ýokary ligada iň...: Biz Internet ulgamynyň maglumatlaryna salgylanyp, Ýokary ligada 1992-nji ýyldan, ýagny ilkinji möwsüminden bäri çykyş eden toparlaryň görkezen netijelerini hem hasapladyk. Şol hasaplamalarymyza laýyklykda, iň köp duşuşyk geçiren toparlar “Merw” bilen “Nebitçi” (766 duşuşyk); iň köp ýeňiş gazanan topar “Nebitçi” (442 ýeňiş), duşuşyklarynda deňligi agdyklyk edýäni “Merw” (149 deňlik), iň köp ýeňlen topar “Turan” (393 ýeňliş), iň köp pökgi geçiren topar “Nebitçi” (1469 pökgi); iň köp pökgi geçirden topar “Turan” (1309 pökgi); iň köp utuk gazanan topar “Nebitçidir” (1397 utuk). Ýeri gelende aýtsak, şu ýylky çempion “Altyn Asyr” Ýokary ligada 326 duşuşyk geçirdi (11-nji orun), şolaryň 202-sinde ýeňiş gazandy (8-nji orun), 51 duşuşyk deňlikde tamamlandy (11-nji orun), 73 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy (11-nji orun), bu duşuşyklarda garşydaşlarynyň derwezesine 667 pökgi geçirdi (8-nji orun), öz derwezesine 290 pökgi geçirtdi (12-nji orun) we şol duşuşyklarda 657 utuk toplady (8-nji orun). Ýokary ligada geçirilen 26 möwsüminde 34 topar çykyş etdi.

(Dowamy bar)

Agageldi ITALMAZOW.