Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Aziýa Kubogynyň taryhy bilen tanyşdyrýarys

 

Saýtymyzda sport žurnalisti Hajymyrat Söýünowyň Aziýa Kubogynyň taryhy bilen tanyşdyrýan makalasyny çap edýäris. Bu makalada Aziýa kubogynyň ilkinji döredilen gününden başlap 1996-njy ýyla çenli geçen ýoly giňişleýin beýan edilýär. Golaý günlerde Aziýa Kubogynyň taryhy bilen tanyşlygymyzy dowam ederis.

Aziýa Kubogy 2019-yň final böleginiň BAE-de geçirilýändigini ýatladýarys. “F” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bolar.

1956

Ýewropa çempionatyndan öň döredildi

Ýewropanyň çempionatyndan öň döredilen Aziýa Kubogy ilkinji gezek 1956-njy ýylda geçirildi. Aziýa Futbol Konfederasiýanyň (CAF) döredilmeginden 2 ýyl soň, geçirilip başlanan ýaryşyň ilkinjisini Gonkong gurady. Her 4 ýyldan guralýan bu ýaryş 2004-nji ýyla çenli jübüt ýyllarda, 2007-nji ýyldan bäri-de täk ýyllarda geçirilýär. Aziýa Kubogynda Ýaponiýanyň ýygyndysy iň köp çempion bolan topardyr. Olar bu kubogy 4 gezek asmana göterdi. AFK-nyň 47 agzasynyň 32-si bu ýaryşa gatnaşdy. Şu wagta çenli geçirilen 16 bäsleşigiň ählisinde-de çykyş eden ýeke topar hem bolman, Eýrandyr Günorta Koreýanyň ýygyndylary 13 gezek gatnaşyp, bu ugurda öňdeligi eýeleýärler. Olaryň ikisi-de 62 duşuşyk geçirip, Eýran 37, Günorta Koreýa 32 oýunda ýeňiş gazandy.

Ilkinji Aziýa Kubogy 1956-njy ýylyň 1–15-nji sentýabry aralygynda Gonkongda geçirilýär. Oňa bary-ýogy 4 ýygyndy – Gonkongyň, şol wagtky Günorta Wýetnamyň, Günorta Koreýanyň hem-de Ysraýylyň ýygyndylary gatnaşýar. 20-ä golaý ýygyndynyň gatnaşan saýlama tapgyryndan soň, ýokarda ady agzalan toparlaryň 3-si, beýlekisi-de ýer eýesi hökmünde ilkinji ýaryşyň wekili bolýar. Günorta Wýetnam Merkezi, Günorta Koreýa Gündogar hem-de Ysraýyl Günbatar saýlama zolaklarynda ýeňiş gazanýar. Çempionatyň final tapgyryna ýollanma alan 4 ýygyndy hem bir-birleri bilen duşuşyk geçirýär. Häzirki “Hong Kong” ozalky “Government” stadionynda oýnalan duşuşyklaryň netijesinde, 5 utuk toplan Günorta Koreýa ilkinji çempion bolýar. Olar ýer eýeleri bilen 2–2 deňme-deň oýnaýar. Soňra Ysraýyldan 2–1, çekeleşikli geçen duşuşykda-da Günorta Wýetnamdan 5–3 üstün çykýar. Açylyş duşuşygynda Gonkongy 3–2, soňky oýunda-da Günorta Wýetnamy 2–1 ýeňen Ysraýyl 2-nji ýeri eýeleýär.

Çempionatda oýnalan 6 oýunda 27 gol (ortaça 4,5) derwezä girip, 4 pökgi geçiren ysraýylly Nahum Stelmah ýaryşyň iň netijeli oýunçysy bolýar. Geçirilen 6 duşuşyga 136000 (ortaça 22667) janköýer tomaşa edýär. Çempionatda 15 oýunçy tapawutlanýar.

***

1960

Futbol boýunça Aziýa Kubogynyň ikinjisi 1960-njy ýylyň 14–23-nji oktýabry aralygynda Günorta Koreýada geçirilýär. Oňa edil 1-nji ýaryşdaky ýaly 4 ýygyndy gatnaşýar. Ýer eýeleri Günorta Koreýadan galan beýleki 3 topar saýlama oýunlaryndan soň ýollanma alýar. Merkezi zolakdan şol wagtky Malaýany (häzirki Malaýziýa) hem-de Singapury ýeňen Günorta Wýetnam, Gündogar zolakdan Filippinleriň hem-de Gonkongyň ýygyndylarynyň ikisini-de 7–4 hasabynda ýeňen Hytaý Taýpeýi, Günbatar zolakdanam Eýrandyr Pakistanyň we Hindistanyň ýygyndylaryndan öňe saýlanan Ysraýyl final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanýar. 4 ýyl ozal Gonkongda geçirilen ýaryşdan tapawutlylykda Gonkongyň deregine bu gezek Hytaý Taýpeýi gatnaşyp, beýleki 3-si 2-nji gezek Aziýa Kubogyna wekilçilik edýär.

Çempionatyň 1-nji duşuşygynda ýer eýeleri Günorta Koreýa Günorta Wýetnamdan 5–1 hasabynda üstün çykýar. Bu duşuşykda Ço Ýun-ok 2 gezek tapawutlanýar. Ýene-de ady agzalan şol oýunçynyň 2 gol geçiren duşuşygynda Günorta Koreýa Ysraýylyň ýygyndysynyň torundan jogapsyz 3 pökgi girizýär. Gazanylan bu ýeňiş koreýleri çempionlyga golaýladýar. Beýleki oýunlarda-da Hytaý Taýpeýi Günorta Wýetnamy 2–0 ýeňýär. Günorta Wýetnam Ysraýyldanam 5–1 hasabynda utulyp, çempionaty 4-nji hatarda tamamlaýar. Günorta Koreýanyň ýygyndysy toparçadaky 3-nji oýnunda Hytaý Taýpeýini Moon Žun-Sykyň ýeke-täk goly bilen 1–0 hasabynda utup, Aziýanyň bassyr 2-nji gezek çempiony bolýar. Bu olaryň häzirki wagta çenli soňky çempionlygy bolup, olara 60 ýyldan bäri ilkinji 2 ýaryşda gazanan çempionlyklaryny gaýtalamak häzirlikçe başardanok. Çempionatyň soňky oýnunda Hytaý Taýpeýini 1–0 hasabynda ýeňen Ysraýyl 4 ýyl ozalky başarnygyny gaýtalap, ýene-de 2-nji ýeri eýeleýär.

Çempionatdaky 6 duşuşyk hem Seuldaky “Hýoçan” stadionynda oýnalýar. 150 müň töweregi tomaşaçynyň gatnaşan duşuşyklarynda derwezelere 19 gol girizilip (ortaça 3,17 gol), şol gollaryň 4-sini geçiren Ço Ýun-ok çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolýar. Çempionatda jemi 13 futbolçy tapawutlanýar.

***

1964

Aziýa Kubogynyň 3-njisi ilkinji 2 ýaryşda Günorta Koreýadan yza galyp, ikisinde-de kümüş medaly eýelän Ysraýylda geçirilýär. 1964-nji ýylyň 26-njy maýyndan 3-nji iýunyna çenli aralykda guralan bu ýaryşa-da öňkülerdäki ýaly ýene-de 4 ýygyndy gatnaşýar. Ýer eýesi Ysraýyldan başga, Merkezi saýlama zolagyndan Gonkong, Günbatar zolakdan Hindistan hem-de Gündogar zolakdan soňky çempion Günorta Koreýa 3-nji Aziýa Kubogyna wekilçilik edýär. Duşuşyklar ýurduň 4 şäherinde geçirilýär.

Ilkinji oýunda Ysraýylyň ýygyndysy Gonkongyň toparyny Spigleriň 76-njy minutdaky goly bilen 1–0 hasabynda ýeňýär. Hindistan bolsa, Günorta Koreýadan Appalaraju we Singhiň gollary bilen 2–0 üstün çykýar. 2-nji duşuşyklarda Hindistanyň ýygyndysy şol hasap bilen ýer eýelerinden asgyn gelýär. Gollary Spigler bilen Aharoni derwezä girizýär. Günorta Koreýanyň ýygyndysy Gonkongy 1–0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär (Park Seun-ok 74). 3-nji duşuşyklarda Hindistan Gonkongy 3–1 hasabynda ýeňip, utugyny 4-e çykarýar. Ertesi güni oýnalan oýunda-da 35 müň janköýeriň şaýatlygynda Ysraýylyň ýygyndysy mundan öňki 2 çempionatda yza galan garşydaşy Günorta Koreýany bu gezek ýeňmegi başarýar. Leon we Tişiň gollary bilen 2–1 hasabynda ýeňiş gazanan ýer eýeleri taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogyny eýeleýär.

Çempionatyň final tapgyrynda geçirilen 6 duşuşykda 13 gol derwezä girizilip, olary 11 futbolçy atlaryna ýazdyrýar. Şol futbolçylaryň arasyndan 2 goldan geçiren Inder Singh (Hindistan) bilen Mordekai Spigler (Ysraýyl) çempionatyň iň netijeli oýunçylary bolýar. Duşuşyklara 99 müň janköýer tomaşa edýär.

***

1968

Futbol boýunça Aziýa Kubogynyň 4-njisi 1968-nji ýylyň 10–19-njy maýy aralygynda Eýranda geçirilýär. Bu gezek çempionata 4 däl-de, 5 ýygyndy gatnaşyp, olar hem edil öňki ýaryşlarda bolşy ýaly, biri-biri bilen özara duşuşyk geçirýär. Duşuşyklaryň ählisi-de Tährandaky 30000 tomaşaça niýetlenen “Amjadie” stadionynda oýnalýar. Çempionata ýer eýesi Eýranyň ýygyndysy bilen bir hatarda, Günbatar 1-nji saýlama zolagynyň ýeňijisi, soňky çempion Ysraýyl, Günbatar 2-nji saýlama zolagyndan öňe saýlanan şol wagtky Birma (häzirki Mýanma), Merkezi saýlama zolagyndan Gonkong hem-de Gündogar saýlama zolagynyň ýeňijisi Hytaý Taýpeýi gatnaşýar. Olardan Eýran bilen Birma çempionata ilkinji gezek wekilçilik edýär.

Çempionatda oýnan 4 duşuşygyny-da ýeňiş bilen tamamlan ýer eýeleri Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp bolýar. Eýranyň ýygyndysy ilkinji duşuşykda Gonkongy Bahzadi we Jabbariniň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňýär. Eýranlylar 2-nji duşuşygynda-da Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysynyň torundan jogapsyz 4 pökgi girizýär. Gollary Behzadi, Kalani, Eftekhari hem-de Farzami öz atlaryna ýazdyrýar. Ýer eýeleriniň 3-nji oýny Birmanyň ýygyndysy bilen bolup, eýranlylar 3-1 hasabynda ýeňşini baýram edýär. Bu oýunda-da Kalani, Eftekhari hem-de Behzadi tapawutlanýar. Çempionatyň iň soňky oýnunda-da Eýran Ysraýyly 2–1 (Behzadi 75, Geliçkhani 86 — Spigel 56) hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 4-nji çempionatyň çempiony bolýar. Ýeňlişsiz çempionlyk gazanan Eýran ilkinji gezek yklymyň iň uly kubogyny asmana göterýär. Bu olaryň çempionlyklarynyň başlangyjy bolýar. Çempionatda 5 utuk toplan Birma 2-nji, 4 utukly Ysraýyl 3-nji ýeri eýeleýär. Çempionatda oýnalan 10 duşuşykda 32 gol geçirilýär. Duşuşyklara 250 müň töweregi janköýer tomaşa edýär. 20 futbolçy tapawutlanyp, 4 gol geçiren eýranly Homaýun Behzadi bilen ysraýylly Giora Spigel hem-de Moşe Romano ýaryşyň iň netijeli futbolçylary bolýar.

Çempionatda oýnalan duşuşyklaryň netijeleri: Eýran–Gonkong: 2–0, Hytaý Taýpeýi–Birma: 1–1, Gonkong–Ysraýyl: 1–6, Eýran–Hytaý Taýpeýi: 4–0, Birma–Ysraýyl: 1–0, Gonkong–Hytaý Taýpeýi: 1–1, Birma–Eýran: 1–3, Ysraýyl–Hytaý Taýpeýi: 4–1, Birma–Gonkong: 2–0, Eýran–Ysraýyl: 2–1.

***

1972

Aziýa Kubogynyň 5-njisi 1972-nji ýylyň 7–19-njy maýy aralygynda Tailand döwletinde geçirilip, oňa 6 topar gatnaşýar. Ýaryş mundan öňki 4 çempionatdaky ýaly däl-de, toparçalar esasynda geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Aziýa Kubogynyň ilkinji 4 ýaryşynda çykyş eden ýygyndylar (ilkinji 3-sine 4, soňkusyna-da 5 topar) biri-biri bilen özara duşuşyp, iň köp utuk toplan çempion bolýardy. 6 ýygyndy 2 toparça bölünip, duşuşyklaryň hemmesi-de paýtagt Bangkokdaky 26 müň orunlyk Milli stadionda oýnalýar. Aslynda çempionat ilki Ysraýylda oýnalmaly edilipdi. Ýöne syýasy we beýleki käbir sebäplerden çempionaty ahyrky ýagdaýda Tailandda guramaklyk barada karara gelinýär. Ýer eýesi Tailand bilen soňky çempion Eýranyň ýygyndysy bilen bir hatarda, saýlama oýunlarynda üstünlikli çykyş eden Yragyň, Khmer Respublikasynyň (häzirki Kambojanyň), Günorta Koreýanyň hem-de Kuweýtiň ýygyndylary ýaryşa gatnaşýar. Ilki toparçalary kesgitlemek üçin geçirilen 3 duşuşykdan soň, Eýranyň, Tailandyň, Yragyň ýygyndylary “A”, G. Koreýanyň, Khmer Respublikasynyň hem-de Kuweýtiň milli toparlary bir toparça düşýär.

“A” toparçadaky oýunlarda Eýranyň ýygyndysy Yrakdan Hossein Kalaniniň het-trigi bilen 3–0 üstün çykýar. Tailand bilen Yragyň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmaýar. Eýranyň ýygyndysy soňky duşuşykda-da Tailandy Ali Jabbariniň 3 goly bilen 3–2 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Tailandyň adyndan hem Prapon tapawutlanýar. “B” toparçada koreýler khmerleri 4–1 hasabynda utýar. Ýöne olar soňky duşuşygynda Kuweýtden 2–1 asgyn gelýär. Khmerler Kuweýtiň ýygyndysynyň torundan jogapsyz 4 pökgi girizýär. Bu netijelerden soň, “A” toparçadan Eýran bilen Tailand, “B” toparçadanam G. Koreýa bilen Khmer Respublikasy ýarym finala çykýar. Ýarym finalda Eýran khmerlileri Sokhomyň (18) goluna garşylyk Iranpak (13) we Geliçhaniniň (47) gollary bilen 2–1 hasabynda ýeňýär. Eýranyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek finala çykmagy başarýar. Günorta Koreýa bilen Tailandyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagtynda hasap açylmaýar. Goşmaça wagtda her topar 1 gol geçirse-de, ýeňijini penalti urgulary kesgitleýär. Penaltilerde artykmaçlyk görkezen koreýler taryhynda 5-nji çempionatda 3-nji ýola finalda oýnamaga hukuk gazanýar.

Final duşuşygy 19-njy maýda 15 müň janköýeriň şaýatlygynda oýnalyp, oňa malaýziýaly Siwapalan Kathirawale eminlik edýär. Çekeleşikli geçen duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar. 48-nji minutda eýranlylardan Jabbari, 68-nji minutda-da koreýlerden Park Li-Çun tapawutlanýar. Esasy wagty 1–1 tamamlanan oýnuň 108-nji minutynda Hossein Kalani Eýrana ýeňiş getiren goly derwezä girizýär. Şeýlelikde, Eýranyň ýygyndysy bassyr 2-nji çempionlygyny gazanyp, Günorta Koreýadan soň, muny başaran 2-nji ýygyndy bolýar. Baýrakly 3-nji ýer ugrunda-da ýer eýesi Tailandyň ýygyndysy Khmer Respublikasyny esasy wagty 2–2 tamamlanan oýunda penaltilerden soň, 5–3 ýeňýär we bürünç medaly eýeleýär.

Çempionatda geçirilen 13 oýunda 38 gol hasaba alynýar. 5 gezek tapawutlanan Hossein Kalani çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy bolýar.

“A” toparça: Eýran–Yrak: 3–0, Tailand–Yrak: 1–1, Tailand–Eýran: 2–3; “B” toparça: G. Koreýa–Khmer Res.: 4–1, G. Koreýa–Kuweýt: 1–2, Khmer Res.–Kuweýt: 4-0; Ýarym final: Eýran–Khmer Res.: 2–1, G. Koreýa–Tailand: 1–1 (2–1 p); 3-nji ýer üçin: Khmer Res.–Tailand: 2–2 (3–5 p); FINAL: Eýran–Günorta Koreýa: 2–1 (g.w.).

***

1976

Futbol boýunça Aziýa Kubogynyň 6-njysy Eýranda geçirilýär. 1968-nji ýyldan soň, çempionat 2-nji gezek 1976-njy ýylyň 3-13-nji iýuny aralygynda Eýranda guralýar. Çempionata 6 ýygyndy gatnaşýar. 1-nji saýlama toparçasyndan beýleki ýygyndylaryň ýaryşa gatnaşmakdan boýun towlamagyndan soň, Kuweýt bilen Günorta Ýemen ýollanma alýar. 2-nji saýlama toparçada Yrak bilen Saud Arabystany öňe saýlanýar. Ýöne Saud Arabystany final tapgyryna gatnaşmak islemeýär. 3-nji saýlama toparçadan Demirgazyk Koreýa çykýar. Ýöne koreýler ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwreni üçin 2-nji ýeri eýelän Hytaý final tapgyryna gatnaşýar. 4-nji toparçadanam Malaýziýa bilen Tailanda beýleki garşydaşlaryndan öňe saýlanmak başardýar. Emma Tailand hem final tapgyryna gatnaşmaýar.

Final tapgyrynyň oýunlary Eýranyň paýtagty Tährandaky “Arýamehr” (häzirki “Azadi” stadiony) hem-de Tebrizdäki “Bagh Şomal” stadionlarynda geçirilýär. “A” toparçada Kuweýt Malaýziýany Al-Anber we Al-Dakhiliň gollary bilen 2–0 hasabynda utýar. Hytaý bilen Malaýziýanyň duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmaýar (Wan Žilian 58 – Mohtar 50). Kuweýt soňky oýun-da Hytaýy Kamiliň 1-nji minutdaky goly bilen 1–0 hasabynda ýeňýär. “B” toparçada Eýranyň ýygyndysy yraklylary Nurainiň hem-de Roşanyň gollary bilen 2–0 ýeňýär. Yragyň milli topary Günorta Ýemenden 1–0 hasabynda üstün çykýar (Kadhim Waal 84). Toparçadaky 3-nji duşuşykda Eýranyň milli topary Günorta Ýemeniň torundan jogapsyz 8 pökgi girizýär. Gollary Azizi (17, 73), Nurai (40, 42), Horşidi (45) hem-de Mazlumi (63, 74, 80) geçirýär.

Ýarym finalyň 2 oýny-da goşmaça wagtda tamamlanýar. Braziliýaly meşhur Mario Zagallonyň tälimçiligindäki Kuweýt bilen Yragyň arasyndaky oýnuň esasy wagty 2–2 deňlikde gutarýar (Ibrahim 11, Kamil 77 — Abdul-Jalil 46, Hassan 85). 100-nji minutda Kamil Kuweýti finala çykaran goly derwezä girizýär. Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky beýleki ýarym final duşuşygynyň esasy wagtynda hasap açylmaýar. 100-nji we 119-njy minutlarda Horşidi bilen Roşanyň gollary Eýranyň ýygyndysyny bassyr 3-nji finalyna çykarýar.

13-nji iýunda Tähranda Eýran bilen Kuweýtiň arasynda oýnalan finala şweýsariýaly Žan Dubah eminlik edýär. 100 müňe golaý janköýeriň şaýatlygyndaky oýun Eýranyň peýdasyna 1–0 tamamlanýar. Ýeke-täk goly-da 71-nji minutda Ali Parwin derwezä girizýär. Şeýlelikde, Eýranyň ýygyndysy Aziýa Kubogynda yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanan ilkinji topar bolýar (häzirlikçe ýeke-täk). Bu olaryň soňky çempionlygydyr.

Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da çempionata ilkinji gezek gatnaşýan 2 ýygyndy Hytaý bilen Yrak duşuşýar. Bu oýun hem 1-0 hasabynda tamamlanyp, Hytaý He Žianyň 61-nji minutdaky goly bilen ýeňşini baýram edýär.

10 duşuşygyň oýnalan çempionatynda 15 pökgi derwezä girizilýär. 3 gol geçiren kuweýtli Fathi Kamel, eýranly Gulam Hossein Mazlumi bilen Nasser Nurai çempionatyň iň netijeli oýunçylary bolýar.

“A” toparça: Kuweýt–Malaýziýa: 2–0, Hytaý–Malaýziýa: 1–1, Kuweýt–Hytaý: 1–0; “B” toparça: Eýran–Yrak: 2–0, Yrak–Günorta Ýemen: 1–0, Eýran–Günorta Ýemen: 8–0; Ýarym final: Kuweýt–Yrak: 3–2 (g.w.), Eýran–Hytaý: 2–0 (g.w.); 3-nji ýer üçin: Yrak–Hytaý: 0–1, FINAL: Eýran–Kuweýt: 1–0.

***

1980

Aziýanyň futbol çempionatynyň 7-njisi 1980-nji ýylyň 15–30-njy sentýabry aralygynda Kuweýtde geçirilýär. Ähli duşuşyklary ýurduň paýtagty Kuweýtdäki Sabah Al-Salemiň adyny göterýan stadionda oýnalan çempionata 10 ýygyndy gatnaşýar. Ýer eýeleri Kuweýt bilen soňky çempion Eýranyň ýygyndylarynyň hataryna saýlama oýunlarynda şowly çykyş eden Siriýanyň, BAE-niň (1-nji toparça), Bangladeşiň, Kataryň (2-nji toparça), Malaýziýanyň, Demirgazyk Koreýanyň (3-nji toparça), hem-de Günorta Koreýanyň we Hytaýyň (4-nji toparça) milli toparlary-da goşulýar.

“A” toparçada Eýranyň ýygyndysy ýeňlişsiz 1-nji orny eýeleýär. Olar ilkinji 2 duşuşygynda Siriýa bilen 0–0, Hytaý bilen 2–2 deňme-deň oýnaýar. Soňra Bangladeşi 7–0 hasabynda utýar. Duşuşykda Behtaş Fariba 4, Barzegari 2, Roşan hem 1 gol geçirýär. Soňky çempion Demirgazyk Koreýany 3–2 ýeňlişe sezewar edýär. Beýleki 3 duşuşygynda Bangladeşi 3–2, Hytaýdyr Siriýany-da 2–1 hasaplar bilen ýeňen Demirgazyk Koreýa toparçada 2-nji orna mynasyp bolýar. Toparçada 2 gol geçirip, 17 gol geçirden Bangladeş soňky orny eýeleýär. Olar soňky duşuşygynda Hytaýdan 6–0 hasabynda asgyn gelýär.

“B” toparçada-da Günorta Koreýa 4 oýnuň 3-sinde ýeňiş gazanýar, 1-inde-de deňme-deň oýnaýar. Ilkinji oýnunda Malaýziýa bilen 1–1 deňme-deň çykyş eden Günorta Koreýa Katardan 2–0, ýer eýesi Kuweýtden 3–0, BAE-niň ýygyndysyndan hem 4–1 hasabynda üstün çykýar. Soňky oýunda koreýleriden Çoi Soon-ho het-trik edýär. BAE bilen deňme-deň oýnan Kuweýt Malaýziýany 3–1, Katary-da 4–0 hasabynda ýeňýär we 2-nji ýeri eýeleýär.

Ýarym finalda Kuweýtiň ýygyndysy soňky 3 ýaryşyň çempiony, 1976-njy ýylda finalda utulan garşydaşy Eýrany 2–1 hasabynda ýeňýär. Ýakub we Al-Dakhiliň gollaryna eýranlylar 90-njy minutda Faraki bilen jogap berse-de, bu ýeterlik bolmaýar. Beýleki ýarym finalda-da iki koreý döwletiniň ýygyndylary Günorta bilen Demirgazyk Koreýa duşuşýar. Demirgazyklylar 19-njy minutda Park Žon-hunuň penaltisi bilen öňe saýlanýar. Emma 80-nji we 89-njy minutlarda Çun Hae-won Günorta Koreýa ýeňiş getirýär.

29-njy sentýabrda finalda 1 gün öň, Eýran bilen Demirgazyk Koreýa 3-nji ýer üçin duşuşýar. Oýunda eýranlylar Fariba (49) we Farakiniň (66, 76) gollary bilen garşydaşyny 3–0 hasabynda ýeňýär.

BU GEZEK ÇEMPION BOLMAGY BAŞARÝAR

Ertesi gün ýer eýeleri Kuweýt bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky finala 25 müň janköýer tomaşa edýär. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda Kuweýt 3–0 hasabynda ýeňiş gazanýar. Al-Houti (8) bilen Al-Dakhiliň (34, 69) gollary kuweýtlilere taryhyndaky ilkinji çempionlygyny gazandyrýar. Toparçadaky oýunda koreýler şeýle hasap bilen ýeňiş gazanypdy. Kuweýt 4 ýyl öňki ýaryşda-da finala çykyp, Eýranyň ýygyndysyndan asgyn gelipdi. Şeýlelikde, 7-nji gezek geçirilen Aziýa Kubogyny 5-nji sapar guraýjy ýurt eýeleýär.

Çempionatda 24 oýun oýnalyp, 76 gol geçirilýär. 7 gezek tapawutlanan 2 futbolçy – Günorta koreýaly Çoi Soon-hoi bilen eýranly Behtaş Fariba çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçylary bolýar.

“A” TOPARÇA: D. Koreýa–Bangladeş: 3–2, Eýran–Siriýa: 0–0, D. Koreýa–Hytaý: 2– 1, Bangladeş–Siriýa: 0–1, Hytaý–Eýran: 2–2, Bangladeş–Eýran: 0–7, Siriýa–Hytaý: 1-0, Eýran–D. Koreýa: 3–2, Hytaý–Bangladeş: 6–0, D. Koreýa–Siriýa: 2–1. “B” TOPARÇA: BAE–Kuweýt: 1–1, G. Koreýa-Malaýziýa: 1–1, Katar–BAE: 2-1, Kuweýt–Malaýziýa: 3–1, Katar – G. Koreýa: 0–2, Malaýziýa–BAE: 2–0, Kuweýt–G. Koreýa: 0–3, Malaýziýa–Katar: 1–1, G. Koreýa–BAE: 4–1, Kuweýt–Katar: 4–0. ÝARYM FINAL: Eýran–Kuweýt: 1–3, G. Koreýa–D. Koreýa: 2–1;

3-nji ÝER ÜÇIN: Eýran–D. Koreýa: 3–0; FINAL: Kuweýt–G. Koreýa: 3–0.

***

1984

Futbol boýunça Aziýanyň Kubogy ýaryşynyň 8-njisi 1984-nji ýylyň 1–16-njy dekabry aralygynda Singapurda geçirilýär. Çempionata 10 ýygyndy gatnaşýar. Yklymyň territoriýa babatda iň kiçi döwletleriniň birindäki ýaryşa ýer eýeleri Singapur bilen soňky çempion Kuweýt saýlama oýunlarynda oýnamazdan ýollanma alýar. Öz saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş eden 1-nji toparçadan Eýranyň, Siriýanyň, 2-nji toparçadan Saud Arabystanynyň, BAE-niň, 3-nji toparçadan Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, 4-nji toparçadan Hytaýyň, Kataryň ýygyndylary çempionata wekilçilik edýär. Duşuşyklar ýurduň Kallang şäherindäki 55 müň orunlyk Milli stadionda oýnalýar. Toparlar “A” we “B” toparçalara bölünip, hersinde 5 ýygyndy çykyş edýär.

“A” toparçanyň oýunlaryna ser salsak, oýnalan 10 oýnuň 4-si deňlikde, 5-si 1–0 hasaby bilen tamamlanýar. Diňe 1 oýunda 2-den köp gol geçirilýär. 2 oýunda utup, ikisinde-de deňme-deň oýnan Saud Arabystany 1-nji ýeri eýeleýär. Olaryň G. Koreýadyr Katar bilen geçiren oýunlary 1–1 deňlikde gutarýar. Siriýadyr Kuweýtdenem 1–0 hasabynda üstün çykýar. Toparçanyň ýeke-täk 2-den köp goluň geçirilen oýnunda Siriýany 3–1 utan Kuweýt 5 utuk bilen 2-nji orna mynasyp bolýar.

“B” toparçadaky oýunlaryň 2-si deňlikde tamamlanyp, diňe 1 duşuşykda 2 topar hem gol geçirýär. Beýleki oýunlar 2–0, 3–0, hatda 5–0 hasaplar bilen tamamlanýar. Ilkinji duşuşygynda Eýrandan 2–0 utulan Hytaý, soňra şol hasap bilen ýer eýelerini ýeňýär. Olar soňky 2 duşuşygynda-da 8 gol geçirýär. Hindistany 3–0, BAE-ni hem 5–0 hasaby bilen ýeňen Hytaý toparçada 1-nji orny eýeleýär. 2 oýunda ýeňiş gazanyp, 2-sinde-de deňme-deň oýnan Eýranyň ýygyndysy hytaýlylar bilen birmeňzeş utuk toplaýar.

Ýarym finalda Saud Arabystany bilen Eýranyň hem-de Hytaý bilen Kuweýtiň ýygyndylary duşuşýar. Iki oýunda-da esasy wagtda ýeňiş gazanylmaýar. Saud Arabystany-Eýran oýnunda ýeňijini penalti urgulary kesgitleýär. 43-nji minutda Şahroh Baýani bilen öňe saýlanan Eýran 88-nji minutda toruna gol goýberýär. Ol goly-da öz oýunçylaryndan Şahin Baýani ýalňyşlyk bilen geçirýär. Penaltilerde-de 5–4 artykmaçlyk gazanan araplar ilkinji gezek finala çykýar. Bu olaryň yzly-yzyna geçirjek 5-nji finalynyň ilkinjisi bolýar. Beýleki ýarym finalda-da Hytaý mundan 4 ýyl öňki ýaryşyň ýeňijisi Kuweýti Li Huaýunyň108-nji minutdaky goly bilen 1–0 hasabynda utýar.

16-njy dekabrda ilkinji nobatda 3-nji ýer üçin duşuşyk geçirilýär. 1976-njy ýylyň ýaryşynda finalda, 4 ýyl öňki bäsleşikde-de ýarym finalda gabatlaşan Eýran bilen Kuweýtiň arasyndaky bu oýnuň esasy wagty 1–1 deňlikde gutarýar. 26-njy minutda Al-Haddadi bilen öňe saýlanan Kuweýtiň torundan hasaby deňlän goly 80-nji minutda Mohammadhani geçirýär. Ahyrynda-da penaltilerde 5–3 hasabynda ýeňiş gazanan Kuweýt bu gezek bürünç medal bilen kanagatlanmaly bolýar.

Ýaponiýaly Şizuo Takadanyň jürlewük çalan oýnuna 26 müň janköýer tomaşa edýär. Ilkinji gezek finala çykan 2 toparyň Saud Arabystany bilen Hytaýyň arasyndaky bu finalda araplar turuwbaşdan şowly oýun görkezýär. Her ýarymyň başynda geçiren 2 goly Saud Arabystanyna ilkinji çempionlygyny gazandyrýar. Gollary 10-njy minutda Al-Nafisah, 46-njy minutda-da Majed Hamed Abudullah derwezä girizýär. Şeýlelikde, 2–0 hasabynda üstün çykan Saud Arabystanynyň ýygyndysy 8-nji gezek geçirilen Aziýanyň Kubogy ýaryşynda çempionlyk gazanan 5-nji topar bolýar.

24 oýunda 44 gol geçirilýä. Olary 34 futbolçy derwezä girizýär. 3 gol salan 3 futbolçy – Szýa Sýusýuan, Şahroh Baýani, Nasser Mohammadhani çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçylary bolýar. Ilkinji gezek gowşurylan iň gymmat oýunçy baýragyny hytaýly Szýa Sýusýuan eýeleýär.

“A” TOPARÇA: Katar–Siriýa: 1–1, S. Arabystany–G. Koreýa: 1–1, Kuweýt–Katar: 1–0, Siriýa–S. Arabystany: 0–1, G. Koreýa–Kuweýt: 0–0, Siriýa–G. Koreýa: 1–0, Katar–S. Arabystany: 1–1, Kuweýt–Siriýa: 3–1, G. Koreýa-Katar: 0–1, Kuweýt–S. Arabystany: 0–1; “B” TOPARÇA: Eýran–BAE: 3–0, Singapur–Hindistan: 2–0, Eýran–Hytaý: 2–0, BAE–Hindistan: 2–0, Singapur–Hytaý: 0–2, Eýran–Hindistan: 0–0, Singapur–BAE: 0–1, Hytaý–Hindistan: 3–0, Singapur–Eýran: 1–1, Hytaý–BAE: 5–0; ÝARYM FINAL: S. Arabystany–Eýran: 1–1 (5–4 p), Hytaý–Kuweýt: 1–0 (g.w.); 3-nji ÝER ÜÇIN: Eýran–Kuweýt: 1–1 (3–5 p); FINAL: S. Arabystany–Hytaý: 2–0.

***

1988

Aziýanyň Kubogy futbol ýaryşynyň 9-njysy 1988-nji ýylyň 2–18-nji dekabry aralygynda Katarda geçirilip, oňa 10 ýygyndy gatnaşypdy. Duşuşyklar ýurduň paýtagty Dohadaky “Al-Ahli” we “Katar SK” stadionlarynda oýnalýar. Çempionatda ýer eýesi Katar bilen soňky çempion Saud Arabystanyndan başga 8 ýygyndy gatnaşýar. Olar BAE, Hytaý (1-nji toparça), Kuweýt, Ýaponiýa (2-nji toparça), Siriýa, Eýran (3-nji toparça) hem-de Bahreýn, Günorta Koreýa (4-nji toparça) döwletleriniň ýygyndylarydyr. Toparlar ýene-de 2 toparça bölünip, “A” toparçada Günorta Koreýa, Eýran, Katar, BAE, Ýaponiýa, “B” toparçada-da Saud Arabystany, Hytaý, Siriýa, Kuweýt hem-de Bahreýniň ýygyndylary özara duşuşýar.

Çempionat “A” toparçada Eýranyň ýer eýeleri Katary 2–0 hasabyndaky ýeňşi bilen başlanýar. Bu toparçada Günorta Koreýanyň ýygyndysy 4 duşuşygynda-da ýeňiş gazanýar. Olar ilki BAE-ni Li Tae-Honuň penalti goly bilen 1–0, soňra ýaponlary 2–0 (Hwan Sun-Hon 13, Kim Žu-Sun 35) ýeňýär. Günorta Koreýanyň ýygyndysy Katary 3–2, Eýrany-da 3–0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edip, toparçada 1-nji orny eýeleýär. 4 oýunda 5 utuk toplan (2 ýeňiş, 1 deňlik, 1 ýeňliş) Eýranyň ýygyndysy 2-nji ýere mynasyp bolýar. Ýer eýeleri Katar soňky oýunda ýaponlardan 3–0 üstün çyksa-da, bu hasap olara ýaryşy dowam etdirmek üçin ýeterlik bolmaýar.

“B” toparçadaky 10 oýnuň 4-si deňlikde gutaryp, olaryň 2-sinde hasap açylmaýar. 2 oýunda ýeňiş gazanyp, ikisinde-de deňme-deň oýnan soňky çempion Saud Arabystany toparçany 1-nji hatarda tamamlaýar. Siriýany Al-Mutlak we Al-Suwaiýediň gollary bilen 2–0 ýeňen araplar Kuweýt bilen golsuz, deňme-deň oýnaýar. Bahreýn bilenem deňme-deň çykyş eden Saud Arabystany soňky oýnunda Hytaýy Al-Bişiniň 56-njy minutdaky ýeke-täk goly esasynda utýar. Siriýany 3–0, Bahreýni 1–0 ýeňip, Kuweýt bilen 2–2 deňme-deň oýnan Hytaý 5 utuk toplaýar we 2-nji orny eýeleýär.

Ýarym finalda Günorta Koreýa bilen Hytaý duşuşýar. Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmaýar. 93-nji minutda Li Tae-Ho koreýleri öňe çykarýar. 100-nji minutda Mai Çao hasaby deňlese-de, Li Tae-Ho ýene bir gezek tapawutlanyp, Koreýany 5-nji gezek finala çykarýar (2–1). Beýleki ýarym finalda-da Saud Arabystany bilen Eýranyň ýygyndylary gabatlaşýar. Mundan 4 ýyl öňki çempionatda bolşy ýaly, ýene-de Saud Arabystany garşydaşyndan üstün çykýar. Bu gezek esasy wagtda ýeňiş gazanan araplara finala çykmak üçin Majed Abdullahyň 16-njy minutdaky ýeke-täk pökgüsi ýeterlik bolýar (1–0).

3-nji ýer üçin Eýran bu gezek Hytaý bilen duşuşýar. Oýunda hasap açylmaýar we ýeňiji penaltilerden soň kesgitlenip, bu sapar Eýranyň bagty çüwýär. Olar penaltilerde 3–0 hasabynda üstünlik gazanyp, 2-nji gezek bürünç medala mynasyp bolýar.

Şol ýylyň 18-nji dekabrynda “Al Ahli” stadionynda oýnalan finala fransiýaly Mişel Wotro eminlik edýär. 20 müň tomaşaçynyň syn eden oýnunda esasy hem-de goşmaça wagtlarda hasap açylmaýar. Oýundan soňky penaltilerde 4–3 artykmaçlyk görkezen araplar bassyr 2-nji gezek kubogy eýeleýär. Braziliýaly meşhur hünärmen Karlos Alberto Parreiranyň tälimçiligindäki Saud Arabystany bu kubogy yzly-yzyna gazanan 3-nji topar bolýar. Ilkinji 2 çempionatda ýeňiş gazanan koreýler bolsa, soňky 3-nji finalyndan hem eli boş gaýtdýar.

Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, Günorta Koreýanyň ýarymgoragçysy Kim Žu-Sun saýlanýar. Onuň topardaşy Li Tae-Ho 3 top bilen iň köp gol geçiren oýunçy bolýar. Hytaýly Çžen Huikan iň ökde derwezeçi baýragy bilen sylaglanýar. Çempionatda geçirilen 24 duşuşykda jemi 40 gol hasaba alynýar.

***

1992

Futbol boýunça 10-njy Aziýa Kubogy 1992-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan 8-nji noýabry aralygynda Ýaponiýada geçirildi. Ýaponiýada ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşyň duşuşyklary “Hiroshima Big Arch” hem-de “Hiroshima” (ikisem – Hirosima şäheri), “Bingo Athletic” (Onomiti şäheri) stadionlarynda oýnaldy. Ýaryşa 8 ýygyndy gatnaşdy. Ýer eýesi Ýaponiýa bilen soňky çempion Saud Arabystany saýlama duşuşyklaryny geçirmezden ýaryşda çykyş edýär. Saýlama oýunlarynda-da öz toparçalarynda öňdäki orunlary eýelän Hytaýyň, Eýranyň, Demirgazyk Koreýanyň, Kataryň, Tailandyň hem-de BAE-niň milli toparlary-da çempionatyň beýleki wekilleri bolýar.

“A” toparçada Ýaponiýanyň, BAE-niň, Eýranyň, Demirgazyk Koreýanyň milli toparlary, “B” toparçada-da Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Kataryň hem-de Tailandyň ýygyndylary özara duşuşýar. “A” toparçadaky 6 duşuşygyň 3-si deňlikde gutaryp, olaryň 2-sinde hasap açylmaýar. BAE bilen 0–0, D. Koreýa bilenem 1–1 deňme-deň oýnan ýer eýeleri Ýaponiýa 3-nji duşuşygynda Eýrandan Miuranyň 87-nji minutdaky goly esasynda 1–0 üstün çykýar we ýaryşy dowam etdirýär. BAE bolsa Demirgazyk Koreýany 2–1 hasabynda ýeňip, toparçada 2-nji orny eýeleýär. Koreýleri 2–0 hasabynda utup, çempionata şowly başlan Eýranyň milli topary-da ýaryşa gatnaşyp başlany bäri ilkinji gezek toparçadan çykyp bilmeýär.

“B” toparçadaky oýunlaryň-da 4-si deňlikde gutaryp, 3-si 1–1 hasapda tamamlanýar. Soňky çempion Saud Arabystany Hytaýdyr Katar bilen 1–1 deňme-deň oýnaýar. Olar 3-nji duşuşygynda-da Tailandyň derwezesinden jogapsyz 4 pökgi girizýär. Gollary Al-Owairan, Al-Bişi hem-de Al-Tunaýan geçirýär. Ilkinji 2 duşuşygynda 2 utuk toplan Hytaýyň ýygyndysy-da Katary Pen Weiguonyň gollary bilen 2–1 hasabynda utýar we ýarym finalçy bolýar.

Ýarym finalda-da Ýaponiýa bilen Hytaý hem-de Saud Arabystany bilenem BAE duşuşýar. Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky duşuşykda 5 gol derwezä girizilýär. Hytaýyň ýygyndysy eýýäm 1-nji minutda Şie Ýuşiniň goly bilen öňe saýlanýar. 48-nji we 57-nji minutlarda Fukuda bilen Kitazanyň gollaryndan soň, Ýaponiýa öňe çykýar. 70-nji minutda Li Şiao hasaby deňleýär. Oýnuň tamamlanmagyna 6 minut galanda-da Nakaýama ýer eýelerini finala çykarýar. Beýleki ýarym finalda-da Saud Arabystanynyň ýygyndysy BAE-ni 3 minutda geçiren 2 gol bilen, ýagny Al-Owairanyň (77) hem-de Al-Bişiniň (80) gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

3-nji ýer üçin Hytaý bilen BAE duşuşýar. 10-njy minutda Ismail Mubarek bilen öňe saýlanan BAE-lilere 13-nji minutda Hao Haidon jogap berýär. Oýnuň esasy we goşmaça wagtlarynda başga gol bolmaýar. Penaltilerde 4–3 üstünlik gazanan Hytaý bürünç medala mynasyp bolýar.

Ýer eýesi Ýaponiýa bilen soňky 2 ýaryşyň çempiony Saud Arabystanynyň arasyndaky final duşuşygyna tomaşa etmek üçin “Hiroshima Big Arch” stadionyna 60 müň janköýer ýygnanýar. Oýunda siriýaly emin Jamal Al Şarif jürlewük çalýar. Ýeňijini ýeke gol kesgitleýär. Ony-da 36-njy minutda Ýaponiýanyň hüjümçisi Takuýa Takagi öz adyna ýazdyrýar. Şeýlelikde, Ýaponiýanyň ýygyndysy 2-nji gezek gatnaşan çempionatynda ilkinji çempionlygyny gazanýar. Yklymyň täze çempiony Ýaponiýa ýer eýesi hökmünde kubogy eýelän 5-nji topar bolýar. Bu üstünlik Saud Arabystanynyň yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanyp, het-trik etmegine böwet bolan Ýaponiýanyň çempionlyklarynyň ilkinjisidir.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, Ýaponiýanyň meşhur hüjümçisi Kazuýoşi Miura saýlanýar. Bu hüjümçi häzirki wagtda-da çykyş edip, 51 ýaşyndaky Miura professional karýerasyny dowam etdirýän dünýäniň iň ýaşuly futbolçysy hökmünde tanalýar. Çempionatda 16 duşuşykda 31 gol hasaba alynýar. Şolaryň 3-sini öz adyna ýazdyran Saud arabystanyly Fahad Al-Bişi iň köp pökgi geçiren oýunçy bolýar.

“A” TOPARÇA: Demirgazyk Koreýa–Eýran: 0–2, Ýaponiýa–BAE: 0–0, Eýran–BAE: 0–0, Ýaponiýa–Demirgazyk Koreýa: 1–1, BAE–Demirgazyk Koreýa: 2–1, Ýaponiýa–Eýran: 1–0;

“B” TOPARÇA: Saud Arabystany–Hytaý: 1–1, Tailand–Katar: 1–1, Saud Arabystany–Katar: 1–1, Hytaý–Tailand: 0–0, Saud Arabystany–Tailand: 4–0, Katar–Hytaý: 1–2

ÝARYM FINAL: Ýaponiýa–Hytaý: 3–2, S. Arabystany–BAE: 2–0

3-nji ÝER ÜÇIN: Hytaý–BAE: 1–1 (4–3 p)

FINAL: Ýaponiýa–S. Arabystany: 1–0

***

1996

Futbol boýunça Aziýa Kubogy bäsleşiginiň 11-njisi 1996-njy ýylyň 4–21-nji dekabry aralygynda BAE-de geçirilýär. Oňa 12 ýygyndy gatnaşyp, çempionatda ilkinji gezek 10-dan köp topar çykyş edýär. Duşuşyklar ýurduň paýtagty Abu Dabi, Dubaý hem-de Al-Ain şäherlerindäki stadionlarda oýnalýar. Ýer eýeleri BAE bilen soňky çempion Ýaponiýa gönümel gatnaşsa, Özbegistanyň hem-de Indoneziýanyň ýygyndylary çempionatyň debýutantlary bolýar. Bulardan başga-da, Hytaýyň, Siriýanyň, Eýranyň, Yragyň, Kuweýtiň, Günorta Koreýanyň, Saud Arabystanynyň hem-de Tailandyň milli toparlary çempionata gatnaşýar. Olar 2 toparçada çykyş edýär. “A” toparçada ýer eýeleri BAE bilen bir hatarda, Kuweýtiň, Günorta Koreýanyň hem-de Indoneziýanyň ýygyndylary özara güýç synanyşýar. “B” toparça Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Yragyň hem-de Tailandyň ýygyndylary düşýär. “C” toparçany-da Ýaponiýanyň, Siriýanyň, Hytaýyň hem-de Özbegistanyň milli toparlary düzýär.

Çempionatyň ilkinji oýny “A” toparçada ýer eýeleri BAE bilen G. Koreýanyň duşuşygy 1–1 deňlikde tamamlanýar. Şol günki beýleki duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmaýar (Indoneziýa-Kuweýt: 2–2). Soňky 2 duşuşygynda BAE ilki Kuweýti 3–2, soňra-da Indoneziýany 2–0 hasaplar bilen ýeňip, toparçada 1-nji orny eýeleýär. Koreýler çempionatyň täze topary Indoneziýany 4–2 ýeňýär. Kuweýt bolsa, G. Koreýadan 2–0 üstün çykýar. Bu toparçadan jemi 3 ýygyndy ýaryşy dowam etdirýär. 4 utukly toparlardan Kuweýt 2-nji, G. Koreýa 3-nji ýeri eýeleýär.

“B” toparçada 3 topar 6 utuk toplaýar. Utuk alyp bilmedik Tailandyň ýygyndysy Saud Arabystanydan 6–0, Eýrandan 3–1 (Saadawi 38, Minawand 54, Ali Daei 70 — Kiatisuk 80), Yrakdanam 4–1 (Ýunus Mahmud 17, 50, Hussein 23, 63 – Dusit 26) ýeňilýär. 6 utuk alan 3 toparyň özara duşuşyklaryna seredenimizde-de, hersi 1 oýunda utulýar. Eýran Yrakdan 2–1 (Fawzi 37, Sabbar 69 — Daei 90 p), Yrak S. Arabystanydan 1–0 (Al-Mehallel 26), S. Arabystany-da Eýrandan 3–0 (Daei 12, Bageri 37, Azizi 47) asgyn gelýär.

“C” toparçada-da Ýaponiýa 9 utuk toplap, 1-nji orny eýeleýär. 3 utuk alan 3 ýygyndynyň arasyndan-da Hytaý 2-nji bolup, toparçadan çykýar. Ýaponiýa Siriýany soňky minutlarda geçiren gollary bilen 2–1 (Abbas 85 ö.d., Takagi 88 — Johadar 8) ýeňýär. Özbekleriň torundan jogapsyz 4 pökgi (Nanami 7, Miura 37, Maezono 86, 90) girizen ýaponlar Hytaýyň ýygyndysyny-da Somanyň 90-njy minutdaky goly bilen ýeňýär. Özbegistan Hytaýy 2–0 (Şkwirin 78, Şatskih 90), Hytaý Siriýany 3–0, Siriýa-da Özbegistany 2–1 utýar. Gol aratapawudynda hytaýlylar öňe saýlanyp, toparçada 2-nji orny eýeleýär.

Çempionatyň çäklerinde ilkinji gezek çärýek final duşuşyklary geçirilýär. Ýer eýeleri BAE-niň ýygyndysy Yragyň milli toparyny goşmaça wagtda Ibrahimiň 103-nji minutdaky goly bilen 1–0 utýar. Kuweýt soňky çempion Ýaponiýany Al-Huwaidiniň 2 goly bilen ýeňip, olary ýaryşdan çykarýar. Günorta Koreýa bilen Eýranyň arasyndaky oýunda 8 gol geçirilýär. Ilkinji bolup hasaby açan koreýler 2 gezek öňe geçselerem 6–2 hasabynda asgyn gelýär. Soňky 25 minutda Eýranyň meşhur ýyldyzy, umumylykda tutuş dünýäde milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren hüjümçi Ali Daeini saklamak koreýlere başartmaýar. Ussat oýunçy 23 minutyň dowamynda 4 gol geçirýär (Bageri 31, Azizi 52, Daei 66, 76, 83, 89 p — Kim Do-Hun 11, Şin Tae-Ýon 35). Garşylykly gollaryň geçirilen duşuşygynda-da Saud Arabystany Hytaýyň ýygyndysyny 4–3 hasaby bilen utýar.

Ýarym finalda BAE goňşusy Kuweýti Saidiň 69-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1–0 ýeňýär. Ilkinji sapar finala çykan BAE garşydaşyny toparçada-da ýeňipdi. “B” toparçada duşuşan Eýran bilen Saud Arabystanynyň milli toparlarynyň arasyndaky ýarym finalda hasap açylmaýar. Penalti urgularynda has ussatlyk görkezen araplar bassyr 4-nji gezek finala çykýar. Olar muny başaran ilkinji topar bolýar.

3-nji ýer ugrundaky oýunda Eýran bilen Kuweýt duşuşýar. 15-nji minutda Al-Huwaidi bilen öňe saýlanan kuweýtlilere 40-njy minutda Ali Daei jogap berýär. Duşuşykda ýeňiji penaltilerden soň, belli bolýar. Eýranyň ýygyndysy 4–3 hasabynda öňe saýlanyp, ýeňşini baýram edýär.

Final duşuşygynda ilkinji sapar 2 arap döwleti – ýer eýesi BAE bilen Saud Arabystany duşuşýar. Şeýh Zaýediň adyny göterýän stadiondaky oýna 60 müň janköýer tomaşa edip, duşuşykda malaýziýaly Mohd Nazri Abdullah jürlewük çalýar. Oýnuň esasy wagtynda-da, goşmaça 30 minutda-da hasap açylmaýar. Penaltilerde artykmaçlyk görkezen Saud Arabystanynyň ýygyndysy 4–2 hasabynda ýeňşini baýram edýär. Şeýlelikde, Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy Eýrandan soň, Aziýa Kubogyny 3 gezek alan 2-nji topar bolýar.

Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy baýragyna eýranly Hodadad Azizi laýyk görülýär. 8 gol geçiren eýranly Ali Daei iň netijeli hüjümçi baýragyny eýeleýär. Çempion topardan Mohamed Al-Deaýea iň ökde derwezeçi diýlip saýlanýar. Geçirilen 26 oýunda 80 gol hasaba alnyp, olary 47 futbolçy derwezä girizýär.