Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Bir möwsüme nazar aýlap

 

“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly türkmen sporty, şol sanda türkmen futboly üçin hem düşümli ýyllaryň biri boldy. Bu düşümi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bassyr bäş gezek çempiony “Altyn asyryň” Aziýanyň Futbol konfederasiýasyndaky ajaýyp üstünligi bilen baglanyşdyryp bileris. Möwsümiň dowamynda ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda ýaş zehinleriň ençemesiniň ýüze çykandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Biziň şu makalamyz hem şu möwsümiň dowamynda ýurdumyzyň futbolynda bolup geçen käbir aýratynlyklary barada bolar. Bilşiňiz ýaly ýylyň dowamynda türkmen futboly bilen bagly täzelikleri okyjylarymyza bilen yzygiderli ýetirdik. Aslynda, her duşuşygyň, her ýaryşyň öz aýratynlyklary, gyzykly maglumatlary bar. Biz şahsy hasaplamalarymyz esasynda şol aýratynlyklardyr maglumatlar hakynda şu ýazgylarda gürrüň etmegi müwessa bildik.

Makalada, esasan, üç ýaryş - AFK-nyň kubogy, Türkmenistanyň Milli çempionatynyň Ýokary ligasy we Türkmenistanyň kubogy ugrunda söhbet ediler. Söhbetiň has täsirli bolmagy üçin, biz maglumatlara köpräk ýüzlenmegi dogry hasapladyk.

AFK-nyň kubogy - saýlama tapgyrdan finala çenli

Makalamyzyň birinji bölümini yklym ýaryşyna - AFK-nyň kubogy - 2018-e bagyşlasak has ýerlikli bolardy. 2018-nji ýylyň fewralynda başlan halkara duşuşyklar ilkinji pursatlardaky üstünliginiň ýakymyny tutuş ýyla çaýdy. Ýaryşa saýlama tapgyrdan girişen türkmenistanly futbolçylar finala çenli baryp ýetdiler.

Soňky bäş-alty ýylyň içinde üstünligiň basgançaklary bilen barha ýokary galýan “Ahal” şu ýyl taryhynda ikinji gezek yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2019-njy ýylda üçünji halkara synagyna çykjak ýaş tälimçi Röwşen Meredowyň şägirtleri yzda galan ýaryşlaryň ikisine-de saýlama tapgyrdan girişendigine garamazdan, olary üstünlik bilen alyp çykdy. Saýlama tapgyrda ilki Gyrgyzystanyň “Dordoýynyň”, soňra Täjigistanyň wise-çempiony “Hujandyň” päsgelçiliklerinden geçen “Ahal” toparçada bu döwletleriň we ýurdumyzyň çempiony bilen güýç synanyşdy. Gyzykly tarapy, AFK-nyň kubogynyň geçen ýylky finalçysy, öňümizdäki möwsümde bolsa yklymyň birinji derejeli ýaryşynyň - Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Täjigistanyň ençeme gezek çempiony “Istiklolyň”, Gyrgyzystanyň çempiony “Alaýyň” we ýurdumyzyň şol wagta çenli dört gezek çempiony “Altyn asyryň” bolan toparynda “Ahal” üçünji orny eýeledi. Täjik, gyrgyz hünärmenleri bolsa “Ahaldan” beýle güýçli garşylyga garaşmandyklaryny aýdyp, topara ýokary baha berdiler.

Ýöne iň uly üstünligi “Altyn asyr” gazandy. Toparçanyň Täjigistanda geçirilen jemleýji duşuşygy janköýerleriň ýüregini häli-häzir hem gobsundyrýan bolsa gerek. Toparçanyň ykbalyny kesgitlejek duşuşyk, garşydaşa deňligem ýeterlik, “Altyn asyra” bolsa diňe ýeňiş gerek. Garşydaşam “Istiklol”. “Altyn Asyryň” janköýerleri geçen ýylky ýagdaýyň gaýtalanmagyndan, soňky duşuşykda ýaryşy dowam etmek hukugynyň ýitirilmeginden howatyrlanman duranoklar. Şeýle-de bolsa, bu gezek millionlarça janköýer “Altyn asyra” ozalkysyndan has berk baglandy, has köp ynandy. Diňe ýeňiş üçin ýaşyl meýdana çykan “aragatnaşykçylar” hem olaryň ynamyny ödejekdigini eýýäm ilkinji minutda görkezdi. 1-nji minutda Furkat Tursunowyň pökgini “Istiklolyň” derwezesinden geçirmeginden soňra, Gissar şäheriniň Merkezi stadionyndaky şowhun o diýen uly bolmasa-da, millionlarça türkmen janköýeriniň ýüreklerindäki şowhun asman-zemini lerzana getirdi. Birinji ýarym tamamlanmanka, ýene bir pökgi. Neneň oňat, biziň toparymyz arakesmä 2:0 hasabynda çykdy.

... Garaz, bu tapawut 83-nji minuda çenli saklandy, ýöne duşuşygyň goşmaça wagtynyň 1-nji minutyna çenli “Istiklolyň” futbolçylarynyň hasaby deňlemegi “Altyn Asyryň” janköýerleriniň “keýpine sogan dogrady”. Şondan soň goşulan 6 minutyň dowamynda biz Gissaryň Merkezi stadionynda her biri arslana dönen, diňe hüjüme okdurylýan futbolçylarymyzy gördük. Ahyry soňunda şolaryň biri-de netije berdi. Goşmaça wagtyň 7-nji minuty toparymyzyň finala uzaýan ýolunyň ilkinji ädimi bolupdy. “Altyn Asyryň” hüjümçisi Mihail Titowyň geçiren şo-ol pökgüsi türkmen futbolynyň täze taryhynyň ilkinji sözlemi boldy.

Interzolagyň ýarym finalynda Hindistanyň “Bengaluru”, interzolagyň finalynda, umumy ýaryşyň bolsa ýarym finalynda Demirgazyk Koreýanyň “April 25”-ni ýeňen “aragatnaşykçylar” türkmen futbolunyň taryhynda ilkinji gezek finala çykdylar. Elbetde, “Air Force”(Yrak) bilen geçirilen finalda ýeňiş gazanylan bolsa has gowy bolardy, ýöne ozal toparçadan hem çykyp görmedik futbolçylaryň bir möwsümde finala çenli ýetmeginiň özi-de uly üstünlik. Kim bilýär, bu ýyl final oýnadyk, indiki ýyllarda Kubogy gazanyp, yklymyň birinji derejeli ýaryşynda hem güýjümizi synap göreris. Umuman, türkmen futbolçylary bu sepgitleriň hem ýetilmejek menzil däldigini şu ýyl görkezdiler.

Bölümi jemlemänkäk, biziň futbol toparlarymyzyň bu yklym ýaryşynda gazanan netijeleri bilen bagly käbir maglumatlara, aýratynlyklara ünsüňizi çekmegi makul bildik.

81-nji duşuşykda final. Ýurdumyzyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda 1994 - 1997-nji ýyllar aralygynda we 2015-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärler. Ýaryşa gatnaşýan 14-nji ýylynda finala çykan futbolçylarymyz şu ýaryşda jemi 81 duşuşyk geçirdiler. Meýilnamada göz öňünde tutulan bir duşuşyk bolsa garşydaş toparyň gelmändigi sebäpli geçirilmedi. Şol duşuşyklaryň 26-sy Türkmenistanyň futbol toparlarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýle hem bu duşuşyklarda biziň futbolçylarymyz garşydaş toparlara 111 pökgi geçirdiler.

13+1. AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda ýurdumyzyň toparlary jemi 13 döwletiň toparlary bilen duşuşdylar. Iki duşuşyk bolsa biziň ýurdumyzyň öz toparlarynyň arasynda geçirildi (“Altyn asyr” bilen “Ahalyň” özara duşuşyklary göz öňünde tutulýar). Iň köp duşuşyklar Gyrgyzystanyň (13), Liwanyň (11) we Iordaniýadyr Täjigistanyň (ikisi hem 10) toparlary bilen geçirildi.

“Altyn asyr” bäşinji, “Ahal” üçünji gezek. Öňümizdäki möwsümde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol topary AFK-nyň kubogyna bäşinji gezek gatnaşar. Şeýlelikde, “aragatnaşykçylar” bu ýaryşa ýurdumyzdan iň kän gatnaşan topar bolan “Nebitçi” bilen deňleşer. “Ahal” bolsa üçünji gezek gatnaşýan ýaryşyna ýene-de saýlama tapgyrdan girişer. Ýeri gelende aýtsak, bu ýaryşa ýurdumyzdan “Nisa”, “Ýedigen” we “Merw” toparlary hem gatnaşdy.

A.Annadurdyýew 15, M.Ýagşyýew 10. “Altyn Asyryň” futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda jemi 15 pökgi geçirip, yzda galan 14 möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçymyz boldy. Ikinji orunda bolsa onuň topardaşy Myrat Ýagşyýew (10 pökgi) bar. Bu ýaryşda iň kän tapawutlanan futbolçylarymyzyň üçlügini häzir futbol oýnamagyny bes eden Mämmedaly Karadanow jemleýär. Ol AFK-nyň kubogynda jemi 7 pökgi geçiripdi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýaryşda futbolçylarymyzyň jemi 37-si tapawutlandy.

24 duşuşykda 42  pökgi. “2-lik” bilen “4-lükden” ybarat, ýöne arasynda 18 birlik tapawudy bolan bu sanlaryň birinjisi-hä, “Altyn Asyryň” yklym ýaryşynda geçiren duşuşyklarynyň sany, ikinjisi bolsa şol duşuşykda geçiren pökgüleriniň mukdary. Şeýlelikde, 42 pökgi bilen “Altyn Asyr” bu ýaryşa gatnaşan wekillerimiziň arasynda iň köp tapawutlanan topardyr. Bu sanawda ikinji orny 18 duşuşykda 28 pökgi geçiren “Ahalyň” futbolçylary eýeleýär. Aşgabadyň ozalky “Ýedigen” toparynyň hasabynda bolsa 18 pökgi bardy. Şeýle hem ýaryşda “Nebitçiniň” futbolçylary 15, “Nisadyr” “Merwiň” futbolçylary 4 gezek tapawutlandylar.

Iň beledi - “Istiklol”. Ýurdumyzyň futbol toparlary Täjigistanyň çempiony bilen şu ýaryşda jemi 8 duşuşyk geçirdiler. Şeýlelikde, häzirlikçe, “Istiklol” türkmen toparlary bilen iň kän duşuşan daşary ýurt wekili. Ikinji orunda şu ýyl Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ýeňiş bilen tamamlap, öňümizdäki ýylda AFK-nyň kubogyna toparçadan gatnaşmaga hukuk gazanan “Dordoý” bar. “Istiklola” garanyňda gyrgyz topary biziň futbolçylarymyz bilen bir duşuşygy az geçirdiler. Üçünji orny bolsa 6 duşuşyk bilen Liwanyň “Al-Nejmeh” we Iordaniýanyň “Al-Faisaly” toparlary paýlaşýar. Umuman, yzda galan möwsümlerde biziň toparlarymyz jemi 29 sany daşary ýurt topary bilen duşuşdy. Ýokarda-da, ýazyşymyz ýaly, olar 13 döwlete wekilçilik edýär.

Ine, AFK-nyň kubogy hakynda siziň bilen paýlaşjak maglumatlarymyz häzirlikçe şulardan ybarat. Çünki ýurdumyzyň futbol toparlarynyň ikisi - “Altyn Asyr” bilen “Ahal” öňümizdäki ýylda-da yklym ýaryşynda çykyş eder. Diýmek, indiki möwsümiň ahyryna çenli ýokarky sanlarda we görkezijilerde ep-esli özgerme bolup biler. Elbetde, siziň hem pikir edişiňiz ýaly, bu maglumatlaryň ýekeje ýetmezçiligi bar. Ol hem AFK-nyň kubogy. Ýakyn ýyllarda onuň hem gazanyljakdygyny belent ynam bilen aýdyp bileris.

Makalamyzyň indiki bölüminde Milli futbol çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň ýakynda tamamlanan 26-njy möwsüminiň käbir aýratynlyklary barada gürrüň ederis.

(Dowamy bar)

Agageldi ITALMAZOW.