Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Ruslan Priýew: “Gazanan ýeňşim janköýerleriň tamasyny ödemeklige we ony gorap saklamaga borçlandyrýar”

 

Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen “Türkmen sporty” gazeti bilelikde 16-njy dekabrda futbol janköýerleriniň arasynda SMS ses berlişige başlapdy. Bäş günläp dowam eden ses berlişigiň dowamynda janköýerleriň müňlerçesi öz söýgüli futbolçydyr futzalçylaryna ses bermäge mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" toparynyň, geljegine uly umytlar bilen garalýan ýaş oýunçysy Ruslan Priýew futbolçylaryň arasynda bu ses berlişigiň ýeňijisi diýlip saýlandy . Başyndan geçirýän ýakymly duýgulary barada Ruslan bize şeýle gürrüň berdi:

- Dogrusy, mende şeýle uly arzuw bolsa-da öz arzuwyma gysga wagtyň içinde ýeterin öýtmeýärdim. Janköýerler juda synçy bolýar . Men  gowy taraplarym bilen olaryň nazarynda saklananym üçin özümi juda bagtly hasaplaýaryn. Elbetde, bu üstünlik meniň ýokary derejä baranymy däl-de, geljekde uly zähmete hem-de olaryň tamasyny ödemeklige we ony gorap saklamaga borçlandyrýar.

Men özümi goldap ses beren janköýerleriň ählisine tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Geljekde milli sportumyzyň dünýä çykmagy üçin alada edýän mähriban Arkadagymyzyň hem-de bütin türkmen halkynyň sport üstünliklerine bolan buýsanjyny artdyrmak üçin gije gündiz zähmet çekeris.

Şeýle-de, men bu ses berlişigiň netijesi boýunça öňe saýlanmagy başaran beýleki futbolçy hem-de futzalçy ýoldaşlarymy tüýs ýürekden gutlaýaryn we geljekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Häzirki  wagtda orta mekdebiň 11-nji synpynda okap ýören bu zehinli futbolçy bilen golaýda saýtymyzda ýörite söhbetdeşlik geçiripdik. Şol söhbetdeşligiň ahyrynda Ruslanyň gazanjak üstünlikleri barada geljekde kän gürrüň ediljekdigi baradaky ýagşy niýetler edipdik. Ynha bu gün şol niýetimiziň ilkinji miwelerini görýäris. Ajaýyp ýeňişleriň höwri köp bolsun Ruslan! Biz türkmen futbolunyň aýdyň geljegini görkezýän nesilleriň ýetişip gelýändigine tüýs ýürekden buýsanýarys.             

ŞÖHRAT ÝOMUDOW.