Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň futbol çempionaty sanlarda

 

Türkmenistanyñ futbol boýunça 26-njy gezek geçirilýän milli çempionatynyñ Ýokary Ligasyna 2018-nji ýylyñ mart aýynyñ 3-ne "Balkan" we "Aşgabat" toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen Balkanabatda Ruslan Ereşowyñ eminlik etmeginde badalga berildi.

***

Çempionat 4 aýlawdan ybarat bolup, oña 8 topar gatnaşýar.

Çempionatyñ ilkinji goluny "Aşgabat" toparynyñ futbolçysy Azady Annadurdyýew geçirmegi başardy.

Çempionatyñ 1-nji gyzyl kartyny 3-nji tapgyrda "Aşgabat" stadionynda "Ahal" bilen "Köpetdag" toparlarynyň arasyndaky duşuşygyñ emini Alibek Sapaýew tarapyndan "Ahalyň" futbolçysy Myrat Annaýewe görkezildi.

***

Çempoinatdaky ilkinji 11 metrlik jerime urgusyny 2-nji tapgyrda Jumamyrat Jumamyradowyñ eminlik etmeginde "Köpetdag" bilen "Aşgabat" toparlarynyň arasynda geçirlen duşuşykda "Aşgabat" toparynyñ futbolçysy Pirmyrat Gazakow  tarapyndan geçirildi.

***

Çempionatdaky köp gol geçirilen tapgyr bolsa 1-nji we 4-nji tapgyrlar boldy. Şol tapgyrlarda 14 gol geçirildi, iñ az gol geçirilen tapgyr bolsa 13-nji tapgyr bolup, şonda 4 gol geçirildi.

Iñ köp janköýerli duşuşyk 8-nji tapgyrda "Energetik" stadionynda "Energetik" bilen "Şagadamyň" arasyndaky duşuşykda hasaba alnyp,  janköýerleriň sany 1500-e deň boldy.

Aşgabat şäheriniñ "Aşgabat" stadiony şu möwsüm iñ köp  duşuşyk geçirilen stadionlaryñ biridir. Onda jemi 18 duşuşyk geçirildi.

Çempionatdaky 100-nji pökgini 10-njy tapgyrda "Energetik" stadionynda "Energetigiň" futbolçysy Rahmet Şermetow tarapyndan "Aşgabadyň" derwezesine geçirildi.

***

Çempionatdaky iñ uly ýaşly futbolçy bolsa "Merw" toparynyñ 40 ýaşly goragçysy Rasim Gereýhanowdyr, iñ kiçi ýaşly futbolçy bolsa "Balkan" toparynyñ 17 ýaşly goragçysy Yhlas Toýjanowdyr.

***

Şu möwsüm çempionatyň 1-nji we 2-nji aýlawlarynda jemi 135 gol geçirildi.

Çempionatda köp gol geçiren topar "Altyn Asyr" toparydyr, ol garşydaşlarynyñ derwezesine 28 gol geçirmegi başardy. Iñ köp gol geçirden topar bolsa "Balkan" toparydyr( 29 gol).

Milli çempionatda 10 sany emin duşuşygyň emininiň wezipesini ýerine ýetirdiler. Begenç Allaberdiýew 8 geduşuşyk, Alibek Sapaýew 8 duşuşyk, Jumamyrat Jumamyradow 7 duşuşyk, Ruslan Ereşow 7 duşuşyk, Saparmämmet Gurbanow 5 duşuşyk, Resul Mämmedow 4 duşuşyk,

Arslan Goşşanow 4 duşuşyk, Babanazar Haknazarow 4 duşuşyk, Igor Barabaş 3 duşuşyk.

***

Çempionatda futbolçylaryň 7-sine gyzyl petek görkezildi: "Balkandan" Arslan Paýizow, Tirkiş Muhammetberdiýew, Yhlas Toýjanow, Aşyrgeldi Ylýasow, "Şagadamdan" Daýanç Orazgulyýew, "Aşgabatdan" Nazar Baýramow, "Ahaldan" Myrat Annaýew.

Şu möwsüm 11 metrlik urgularyň 7-si bellenildi, şol urgulañ 3-sinde gol geçirilmedi. Olaryň 3-sinem "Merwiň" derwezeçisi Merdan Saparow yzyna gaýtarmagy başardy. "Altyn Asyrdan" Murat Ýakşiýew, "Ahaldan" Orazberdi Myradow we "Köpetdagdan" Berdimyrat Rejepow 11 metrlik urgulary dürs ýerine ýetirip bilmediler.

Iñ köp gol geçiren futbolçylaryñ sanawynda "Altyn Asyrdan" Altymyrat Annadurdyýew, "Ahaldan" Süleýman Muhadow we Guwanç Abylow öñdeligi eýeleýärler.

***

Milli çempionatymyzyñ 2-nji aýlawy yzda galdy. Toparlaryň 7-si tälimçileri bilen ýollaryny dowam etdirýärler. "Balkan" topary çempionata Amanmyrat Meredow bilen başlan bolsa indi onuñ ornuna Hojaahmet Arazow bellenildi. Çempionatda tomusky arakesme dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa kubok ýaryşyna badalga berler.

Taýýarlan Hezret Hojagulyýew,

sport synçysy.