Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Ýazguly Hojageldiýew: “Janköýerlerimiziň goldawy bizi ýeňşe ruhlandyrar”

 

16-njy aprelde “Olimp” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda duşuşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen “Istiklolyň” baş tälimçileriniň hem-de oýunçylarynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

Ýazguly Hojageldiýew, “Altyn Asyr” toparynyň baş tälimçi:

- Bilşimiz ýaly, Bişkekde geçiren duşuşygyňyzy deňlikde tamamlapdyňyz. Şu oýna nähili täsirler bilen geldiňiz?

- Ilki bilen hemmäňize ullakan salamymy ýetirýärin. Oýun barada aýtsam, oglanlarymyň hemmesi oýna doly derejede taýýar. Nesip bolsa öz meýdançamyzda geçirýän duşuşygymyzda diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys. Janköýerleriň hem goldawy örän zerur. Diýilmeýärmi, janköýer on ikinji oýunçy diýlip. Şol sebäpli-de, janköýerlerimiziň goldawy bizi ýeňşe ruhlandyrar diýip ynanýaryn.

- Wajyp duşuşygyň öňüsyrasy şikes alan oýunçylaryňyz barmy?

- Hawa, şikes alanlar bar. Ýöne olar häzirki wagtda doly saplandylar. Oýunda esasy düzümde meýdana goýbermekçi bolýan oýunçylarymyzyň hemmesini meýdanda görüp bilersiňiz. Futbol munuň özi baýramçylykdyr. Şonuň üçinem baýramçylyk äheňindäki oýun gününde ýeňiş gazanmaga taýýar.

- Garşydaşyňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?

- Näme diýeýin. Olar bilen bir ýyl tanyş däl, olaryň oýnuna beletligimiz bar. Ýöne oýun oýunlygyna galýar. Netijäni diňe oýun görkezer.

Serdar Geldiýew, “Altyn Asyr” toparynyň ýarym goragçysy:

- Oglanlaryň oýna taýýarlyk derejeleri hakynda aýtsaňyz.

- Oglanlaryň hemmesi oýna doly derejede taýýar.

- Geçen ýyl siziň toparyňyz häzirki garşydaşyňyzy myhmançylykda ýeňip, toparçadan çykamgy başarypdyňyz. Olaryň siziň garşyňyza has tijenip oýnamagyndan howatyrlanýarsyňyzmy?

- Geçen ýyl biz olary ýeňen bolsak, öňki ýyl olary bizi toparçada galdyrypdylar. Şonuň üçinem hiç howatyrlanmaýarys. Diňe öz oýnumyzy öňe sürüp ýeňiş gazanmaga çalşarys.

***

Hakim Fuzaýlow,“Istiklol” toparynyň baş tälimçisi:

- Oýna taýýarlygyňyz hem-de toparyňyzda şikes alan oýunçylar barmy, şolar hakynda durup geçseňiz?

- Bilşiňiz ýaly, biz möwsüme has ir girişdik. Ilkinji türgenleşik ýygnanyşygymyzy geçen ýylyň 10-njy dekabrynda geçiripdik. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşýandygymyz sebäpli türgenleşik işlerine girişmeli bolupdyk. Toparymyzyň taýýarlygy örän gowy. Ýerli çempionatymyzyň duşuşyklaryna hem badalga berildi. Toparymyzda şikes alan oýunçylaryň ýokdugyny hem aýdyp geçeýin.

- Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende toparyňyzyň düzümi güýçlendirildi diýip bolarmy?

- Has dogrusy, toparymyzyň düzümi düýpgöter üýtgedildi. Oýunçylaryň köpüsi başga toparlara geçdi. Topar hakynda aýtsam, meniň özüm hem topara şu ýyl geldim. Täze oýunçylaryň hem köpüsi toparymyza goşuldy. Toparymyz geçen ýyldakysyndan güýçlendimi diýlen sowala möwsümiň dowamynda görkezjek oýunlar aýdyňlygy bilen görkezer diýip jogap berýärin.

- Geçen möwsümde “Altyn Asyr” “Istikloly” myhmançylykda ýeňip, täjik toparyny toparçada galdyrypdy...

- Hawa men ol oýny teleýaýlymda görüpdim. Şonda toparymyza bu ýeňlişi agyr degipdi. Şondan soň toparda köp üýtgeşmeler bolup geçdi.

- Türkmen toparyndan haýsy oýunçylaryň oýunlary siziň üçin täsir galdyrýar.

- Bişkekdäki oýna ser salsam, 7-nji (Altymyrat Annadurdyýew) hem-de 17-nji (Myrat Annaýew) belgidäki oýunçylaryňyz has täsir galdyrdy. Umuman goragdaky oýunçylar hem örän sowukganlylyk bilen çykyş edýärler. Sazlaşyklary örän ýokary derejede.

Fathullo Fathulloýew, “Istiklol” toparynyň ýarym goragçysy:

- Oýna taýýarlyk derejäňizi aýdaýsaňyz?

- “Altyn Asyr” örän gowy topar. Biz bu topar bilen geçen möwsümler hem duşuşypdyk. Bir-birimiziň oýnumyzy gowy öwrendik. Biz diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys.

Ýeri gelende aýtsak, AFK kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň  ikinji tapgyrynda “Altyn Asyr” bilen täjikleriň “Istiklolynyň” arasyndaky duşuşyk 17-nji aprelde Aşgabat şäheriniň “Köpetdag” stadionynda geçiriler.  Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanar.