Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyryna badalga berildi

 

Duşuşyklaryň ikisi bilen ýurdumyzyň futbol çempionmatynyň 18-nji tapgyryna badalga berildi.

Balkanabatda ýerli “Nebitçi” paýtagtymyzyň “Köpetdagyny” kabul etdi. Bu duşuşyk myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk bolsa ýer eýeleriniň üstünligi bilen tamamlandy. Onda Marynyň “Merwini” kabul eden “Aşgabat” 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

18-nji tapgyryň duşuşyklary ertir, 14-nji sentýabrda dowam edip, “Altyn Asyr” “Şagadamy” kabul eder, “Ahal” bolsa öz meýdanynda “Energetik” bilen garşylaşar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Nebitçi” – “Köpetdag” – 0:2

Gollar: 11 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 90+1 Ýazgylyç Gurbanow (11m.j.u.) (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 56 Azat Garajaýew, 60 Döwran Kakajykow, 65 Akmämmet Metdäýew, 85 Farhad Italmazow, 90 Alikper Kerimow (“Nebitçi”) – 34 Şiri Annaýew, 72 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

 “Aşgabat” – “Merw” – 2:1

Gollar: 29 Batyr Täçnazarow, 90+3 Nazar Towakelow (“Aşgabat”) – 30 Döwlet Baýramow (“Merw”)

Duýduryşlar: 11 Boris Iwanow, 72 Bäşim Gurbanberdiýew (“Aşgabat”) – 64 Toýly Goçnazarow, 90+4 Şanazar Tirkişow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 100

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň XVIII tapgyryndan soň ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR”

16

10

5

1

36-13

35

2.

“ŞAGADAM”

17

9

5

3

28-16

32

3.

“AHAL”

17

8

7

2

24-11

31

4.

“KÖPETDAG”

18

7

5

6

23-22

26

5.

“ENERGETIK”

16

6

4

6

16-20

22

6.

“NEBITÇI”

18

4

5

9

11-23

17

7.

“AŞGABAT”

18

5

2

11

16-31

17

8.

“MERW”

18

1

5

12

12-30

8