Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Habarlar

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň taýýarlygynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

 

24.05.2019 (anna)

“Merw” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:45

 

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary futbol çempionatymyzyň 3-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygynda myhmançylykda “Energetikden” üstün çykdy. Şu gün Maryda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.

 

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygy – “Energetik” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky oýun 22-nji maýda Mary şäheriniň “Energetik” stadionynda geçiriler.

 

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýedinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

 

Şu gün, 19-njy maýda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň emeli örtükli türgenleşik meýdanynda 6-12 ýaş aralygynda doglan oglan-gyzlaryň we maýyp çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi.