Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Altyn Asyr” bilen “Ahal” nobatdaky ýeňişlerini gazandylar

 

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň duşuşyklaryny geçiren “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

Marynyň “Energetigini” kabul eden “Ahal” 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 34 jutugy bilen ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçmegi başardy.

Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda “Şagadamy” kabul eden paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” hem ýeňiş gazanmagy başardy. Öz mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan paýtagtymyzyň topary 2:0 hasabynda üstünligini baýram etdi.

Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 38-e ýetiren “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bolsa 32 utugy bilen üçünji basgançaga geçmeli boldy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji hem-de 22-nji sentýabrda geçiriler.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Ahal” – “Energetik” – 4:0

Gollar: 20, 64 Guwanç Abylow, 29 Elman Tagaýew, 44 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 33 Şaweli Seýitgulyýew, 87 Döwletgeldi Mirsultanow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 200

 

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: 29 Mihail Titow, 44 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 26 Selim Ataýew, 38 Welmyrat Ballakow, 82 Resul Hojaýew (“Altyn Asyr”) – 33 Sirožiddin Jumaniýazow, 78 Hydyr Ýakubow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň XVIII tapgyrdan soň ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR”

17

11

5

1

38-13

38

2.

“AHAL”

18

9

7

2

28-11

34

3.

“ŞAGADAM”

18

9

5

4

28-18

32

4.

“KÖPETDAG”

18

7

5

6

23-22

26

5.

“ENERGETIK”

17

6

4

7

16-24

22

6.

“NEBITÇI”

18

4

5

9

11-23

17

7.

“AŞGABAT”

18

5

2

11

16-31

17

8.

“MERW”

18

1

5

12

12-30

8