Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Talyp sport” bilen “Migrasiýa” fanala barýan ýolda uly artykmaçlyk gazandylar

 

Futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi.

Oýun gününiň birinji duşuşygynda “Talyp sport” “Daýhanbankdan” 7:4 hasabynda üstün çykdy. “Migrasiýa” bolsa “Deňizçini” uly hasap (5:1) bilen ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Ýarym finalyň ikinji duşuşyklary 16-njy noýabrda geçiriler.

 Welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 17-siniň gatnaşmagynda geçirilýän kubok ýaryşy 18-nji noýabra çenli dowam eder.

 

Ýarym finalyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri:

“Talyp sport” – “Daýhanbank”         – 7:4

“Migrasiýa” – “Deňizçi”                   – 5:1

 

Ýarym finalyň jogap duşuşyklary (16.11.2019 ý.):

10:00   “Deňizçi” – “Migrasiýa”

11:30   “Daýhanbank” – “Talyp sport”