Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ante Mişe: «Milli ýygyndymyzy diňe ýeňiş kanagatlandyrýar»

 

Şu gün Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynda Türkmenistan ― KHDR futbol duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty bolup geçdi. Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki bu duşuşygyň öňüsyrasynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi (Çeşme: turkmenportal.com).

Milli ýygyndymyzyň duşuşygyň öň ýanyndaky ýagdaýy barada maglumat beräýseňiz.

– Bizde ýekeje mesele bar ― Ruslan Mingazow Gazagystanyň çempionatynyň soňky tapgyrynda şikes aldy (duşuşyk «Irtyş» «Astanany» 2:0 hasabynda ýeňdi ― redaksiýanyň belligi). Oýunçynyň myşsalaryna zeper ýetipdir. Şonuň üçin ol ertirki duşuşykda bize kömek edip bilmez. Üçünji derwezeçimiz Rahat Japarowda hem şikes bar. Ýöne ol ― üçünji derwezeçi. Şonuň üçin bu şikes uly bir mesele däl.

Toparda ýagdaýlar gowy, bize näme gerek bolsa, şoňa-da taýýarlandyk. Biz KHDR-nyň ýygyndysyna uly hormat goýýarys. Garşydaşlarymyz güýçli ýygyndy, sazlaşykly oýunlary bar. Olar meýdanyň merkezinde gowy goranýarlar, ýöne ganatlarda gorag biraz gowşak. Şonuň üçin biz esasy hüjümi ganatlardan amala aşyrmaga çalşarys.

– Ýakynda juda jogapkärli duşuşygyň bardygyny futbolçylaryň bilmegi gerek. Ruslan Mingazow hem öz güýjüni KHDR-nyň ýygyndysy bilen boljak möhüm duşuşyk üçin aýap bilerdi.

– Ruslan ýakynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda örän möhüm oýnunyň bardygyny «Irtyşyň» tälimçisine aýdypdyr. Tälimçi bolsa ondan, iň bolmanda, 60 minut kömek etmegi haýyş edipdir. Bu futbol ― boljak zada çäre ýok. 

– Siz KHDR-nyň Koreýa Respublikasy bilen geçiren soňky duuşygyna syn etdiňizmi?

– Nirede syn edeýin? Bu mümkin däl. Sebäbi ýapyk oýun boldy. YouTube arkaly diňe duuşygyň gysgaça mazmunyna tomaşa edip bildim. Ýöne garşydaşlarymyzyň Liwandyr Şri-Lanka bilen geçiren duşuşyklaryna tomaşa etdim.

– Statistikalar Türkmenistanyň ýygyndysynyň KHDR-nyň futbolçylaryny ýeke gezek gezek hem ýeňip bilmändigini görkezýär. Belki, bu statistikalary siz üýtgedip bilersiňiz.

– Hawa, statistikalar bar, ýöne olary özgerdip bolýar. Biz örän gowy taýýarlandyk, ertir bu taýýarlygyň miwesini görmek isleýäris. Üstesine, biz öz janköýerlerimiziň arasynda oýanaýrys. Biz ― ýer eýeleri. Men futbolçylarymyzyň hem bizi diňe ýekeje netijäniň ― ýeňşiň kanagatlandyryp biljekdigine düşünýändigine ynanýaryn. Hatda deňlik hem däl. 

– Siz garşydaşyň gowy goranýandygyny aýtdyňyz? Esasy ganatlardan hüjüm gurnamagy meýilleşdirýärsiňizmi?

– Hawa, munuň üçin bizde örän ukyply futbolçylar bar. Olaryň biri kapitanymyz ― Arslanmyrat Amanow, çepde bolsa Altymyrat Annadurdyýew bar. Olar ýekme-ýeklikde garşydaşyň goragçylaryndan üstün çykyp biljek derejede ukyply. Bize garşydaşyň jerime meýdançasyna köplük bolup baryp, mümkin bolan ilkinji pursatda gol geçirmek zerur. Galany, ýoluna düşüp gider diýip tama edýärin.

– Liwandan ýeňilmek biziň ýygyndymyzyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini azaltdy. Siz şundan soň hem Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçada ikinji orun üçin göreşjekdigine ynanýarsyňyzmy?

– Hawa! Munuň üçin bize ertirki duşuşykda bar güýjümizi orta goýmak gerek. Biz häzir diňe KHDR-iň ýygyndysy bilen boljak duşuşygyň pikirini edýäris. Liwan bilen bolan duşuşyk barada aýdylanda bolsa, myhmançylykda çykyş edendigimize garamazdan, bir garşydaşdan rüstem oýnadyk. Gol geçirmäge pursatlarymyz hem kän boldy. Bize diňe şowlulyk ýetmedi. Men futbolçylarymyzyň ertir KHDR-i ýeňip biljekdigine ynanýaryn. 

***

Arslanmyrat Amanow: «Ertir biz ýylyň iň wajyp duşuşygyna çykarys»

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky Türkmenistan ― Koreýa Halk Demokratik Respublikasy duşuşygynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň «Sport» myhmanhanasynda geçirilen metbugat maslahatynda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ýeri gelende, tejribeli ýarym goragçynyň milli ýygyndyda 45 duşuşyk geçirip, şolarda 12 gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys.

– Ruslan Mingazow hem düzümde ýok, diýmek, esasy umydymyz ― siz! Türkmenistanyň ýygyndysy KHDR bilen meýdanda göreşmäge taýýarmy? 

– Birinjiden, bir oýunçy meýdanda hiç bir zady çözenok. Ikinjiden, Ruslan Mingazowyň ýoklugy, toparyň oýnuna ýaramaz täsirini ýetirip bilmez. Ýygyndymyzyň her bir wekiliniň ähli ünsi şu duşuşykda. Ählimiz Watanymyz, ýeňiş üçin meýdana çykarys. Toparymyzda islendik futbolçyny çalşyp biljek deň güýçdäki futbolçy kän. Aslynda, toparda bäsdeşlik uly. Tejribeli futbolçylar hem, olar bilen deň durup biljek, geljegine uly ynam bildirilýän ýaşlar hem kän. Biz diňe ýeňiş üçin oýnarys. Meniň pikirimçe, bu duşuşyk biziň üçin ýylyň iň wajyp duşuşygydyr.

– Toparyň wajyp duşuşygyň öňüsyrasyndaky ýagdaýy barada hem aýdaýsaňyz!

– Toparda ýagdaýlar gowy. Heme kişiniň keýpi kök, hiç kimde mesele ýok. Duşuşykdan öň nämedir bir zatdan çekinmäge ýa ýaýdanmaga hiç hili sebäp ýok. Çykmaly we öz futbolymyzy oýnamaly. Soňra-da, üstünlik üçin göreşmeli. Tälimçimiziň aýdyşy ýaly, Liwan bilen bolan duşuşykda biz garşydaşy uly basyş bilen oýnadyk. Ýöne şowlulyk ýetmedi. Ertirki duşuşykda janköýerlerimizi begendirip biljekdigimize ynanýaryn. Goý, olar hem bizden goldawyny gaýgyrmasynlar!