Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Arslanmyrat Amanow: “Milli ýygyndymyzy goldamaga geliň”

 

Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk 14-nji noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary   KHDR-iň milli ýygyndysyny kabul eder.

16:00-da başlanjak bu duşuşyk paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow futbol janköýerlerine ýüzlendi.

A.Amanow: “Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň garşysyna geçirjek duşuşygymyz şu ýylyň iň wajyp duşuşygy bolar. Şonuň üçin hem hemmäňizi stadiona çagyrýarys!!! Ýygyndy toparymyza siziň goldawyňyz örän gerek!!! Diňe bilelikde biz ýeňip bolmajak uly güýje öwrüleris!!!"