Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Final: “Talyp sport” – “Migrasiýa”

 

Futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalynda “Talyp sport” hem-de “Migrasiýa” toparlary duşuşarlar.

Ýarym finalyň birinji duşuşygynda “Daýhanbanky” 7:4 hasabynda ýeňlişe sezeawr eden “Talyp sport” topary jogap oýnuny hem uly hasap bilen (6:1) öz peýdasyna tamamlady. Birinji duşuşykda “Deňizçini” 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Migrasiýa” ikinji ýarym finalda 1:0 hasabynda garşydaşyndan asgyn gelendigine garamazdan adyny finala ýazdyrmagy başardy.

 Welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 17-siniň gatnaşmagynda geçirilýän kubok ýaryşynyň final duşuşygy 18-nji noýabrda geçiriler.

 

Ýarym finalyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Deňizçi” – “Migrasiýa”                      – 1:0 (1:5)

 “Daýhanbank” – “Talyp sport”            – 1:6 (4:7)

 

Final (18.11.2019 ý.):

12:00   “Talyp sport” – “Migrasiýa”