Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


GOÝÇÝSM – ýurdumyzyň çempiony

 

GOÝÇÝSM topary Aşgabat şäherinde 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen futbol boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy. Paýtagtymyzyň topary finalda “Aşgabatdan” 4:2 hasabynda üstün çykmagy başardy. “Ahaldan” 3:1 hasabynda üstün çykan “Balkan” hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

 Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Tütkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran birinjiligine welaýatlarymyzyň ähli künjegine wekilçilik edýän toparlaryň 5-si (“Ahal”, “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap”, “Mary”) bilen birlikde paýtagtymyzyň 3 toparynyň (“Aşgabat”, GOÝÇÝSM, “Köpetdag”) gatnaşandygyny ýatladýarys.

 

Final duşuşygynyň netijesi:

“Aşgabat” – GOÝÇÝSM – 2:4

 

3-nji orun ugrundaky duşuşygyň netijesi:

“Balkan” “Ahal” – 3:1