Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň ýaşlar (U19) ýygyndysy “Konýasporyň” ýaşlar düzümini ýeňlişe sezewar etdi

 

Türkiýäniň Ankara şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U19) “Konýaspor” toparynyň ýaşlar düzümi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Hüjümde dürs oýnan ýygyndy toparymyz 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Nury Rozyýew (7) bilen Şamämmet Hydyrow (53) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Aziz Kambarowyň tälim berýän ýaşlar ýygyndymyz (U19) okuw-türgenleşigiň dowamynda ýene-de birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýaşlar ýygyndymyzyň Ankara şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 18-nji iýula çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän ýaşlar ýygyndymyz şu ýylyň 20-30-njy mart aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşigi geçipdi.

2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bolarlar. Saýlama tapgyry şu ýylyň 4-10-njy