Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň futzal ýygyndysy halkara ýaryşyna gatnaşar

 

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde 21-25-nji sentýabr aralygynda Horwatiýada geçiriljek “Dostluk” kubogynda çykyş eder. Biziň milli ýygyndymyzdan başga bu bäsleşikde Belgiýanyň, Norwegiýanyň, Saud Arabystanynyň, Grenlandiýanyň hem-de Garadagyň milli ýygyndylarynyň çykyş etmegine garaşylýar. 

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly Robert Grdowiç halkara ýaryşynda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylary gözden geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişlikde ýygyndy toparymyz “B” toparçada Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. Merkezi Aziýa sebitiniň çägindäki beýleki toparçada – “A” toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

Saýlama tapgyrynyň hemme duşuşygy Eýranyň Urmiýa şäheriniň “Gadir Hall” sport toplumynda geçiriler. Her toparçada ilkinji orny eýelänleriň Aziýa çempionaty – 2020-niň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alýandyklaryny ýatladýarys.

 

Halkara ýaryşynyň geçiş tertibi:

                 “А” toparça

 “B” toparça

TÜRKMENISTAN

Belgiýa

Garadag

Grenlandiýa

Norwegiýa

Saud Arabystany

 

21.09.2019 ý. (1-nji tapgyr)

Grenlandiýa-Saud Arabystany

Norwegiýa-TÜRKMENISTAN

Garadag-Belgiýa (ýoldaşlyk duşuşygy)

 

22.09.2019 ý. (2-nji tapgyr)

Saud Arabystany-TÜRKMENISTAN (ýoldaşlyk duşuşygy)

Belgiýa-Grenlandiýa

Garadag-Norwegiýa

 

23.09.2019 ý. (3-nji tapgyr)

Grenlandiýa-Norwegiýa (ýoldaşlyk duşuşygy)

Saud Arabystany-Belgiýa

TÜRKMENISTAN-Garadag

 

25.09.2019 ý. (Final duşuşyklary):

1. 3А-3B (5-nji orun ugrunda)

2. 2A-2B (3-nji orun ugrunda)

3. 1A-1B (1-nji orun ugrunda)