Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň futzal ýygyndysy halkara ýaryşyna gatnaşar

 

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde 21-25-nji sentýabr aralygynda Horwatiýada geçiriljek “Futsal Week Autumn Cup – Croatia 2019” kubogynda çykyş edýandigini öň habar beripdik. Şol halkara ýaryşyna gatnaşmak maksady bilen milli ýygyndymyz şu gün Horwatiýa ugur  aldy.  

Horwatiýanyň Poreç şäherinde geçiriljek halkara bäsleşiginde biziň milli ýygyndymyzdan başga Belgiýanyň, Norwegiýanyň, Saud Arabystanynyň, Grenlandiýanyň hem-de Garadagyň milli ýygyndylary çykyş ederler. 

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly Robert Grdowiç halkara ýaryşynda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylaryň 15-sini gözden geçirer.

 

Halkara ýaryşyna gatnaşjak futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň SANAWY:

Familiýasy, ady

 

Annagulyýew Mülkaman

 

Ataýew Watan

 

Babaýew Şamuhammet

 

Baýramow Meretgeldi

 

Baýramow Şöhrat

 

Garajaýew Daýanç

 

Gurbannepesow Abdylla

 

Kurbanow Allamyrat

 

Meredow Allaberdi

 

Muhammetmyradow Öwezbaý

 

Myradow Maksat

 

Rejepow Serdar

 

Sapardurdyýew Berdimyrat

 

Sapargulyýew Arzuwguly

 

Öwekow Ysmaýylmuhammet

 

 

    Tälimçiler düzümi:

 

Grdowiç Robert, baş tälimçi

Kanaýew Guwanç, tälimçi

Ataýew Mergen, tälimçi

Aşyrow Ýeňiş, derwezeçileriň tälimçisi

Muhammetmyradow Mekan, analiz ediji tälimçi

 

Ýeri gelende bellesek, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişlikde ýygyndy toparymyz “B” toparçada Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. Merkezi Aziýa sebitiniň çägindäki beýleki toparçada – “A” toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

Saýlama tapgyrynyň hemme duşuşygy Eýranyň Urmiýa şäheriniň “Gadir Hall” sport toplumynda geçiriler. Her toparçada ilkinji orny eýelänleriň Aziýa çempionaty – 2020-niň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alýandyklaryny ýatladýarys.

Halkara ýaryşynyň geçiş tertibi:

                 “А” toparça

 “B” toparça

TÜRKMENISTAN

Belgiýa

Garadag

Grenlandiýa

Norwegiýa

Saud Arabystany

 

21.09.2019 ý. (1-nji tapgyr)

Grenlandiýa-Saud Arabystany

Norwegiýa-TÜRKMENISTAN

Garadag-Belgiýa (ýoldaşlyk duşuşygy)

 

22.09.2019 ý. (2-nji tapgyr)

Saud Arabystany-TÜRKMENISTAN (ýoldaşlyk duşuşygy)

Belgiýa-Grenlandiýa

Garadag-Norwegiýa

 

23.09.2019 ý. (3-nji tapgyr)

Grenlandiýa-Norwegiýa (ýoldaşlyk duşuşygy)

Saud Arabystany-Belgiýa

TÜRKMENISTAN-Garadag

 

25.09.2019 ý. (Final duşuşyklary):

1. 3А-3B (5-nji orun ugrunda)

2. 2A-2B (3-nji orun ugrunda)

3. 1A-1B (1-nji orun ugrunda)