Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda katarly eminler topary eminlik eder

 

Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda duşuşýan Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda FIFA-nyň emini 32 ýaşly Saud Aly Al-Abdanyň ýolbaşçylygyndaky katarly eminler topary eminlik eder.

Baş emine onuň ildeşleri Ýusuf Aref Al-Şamari bilen Zahy Snaid Alşammari kömekleşerler.

Ätiýaçdaky eminiň wezipesini Lei Žang (Hytaý), eminleriň gözegçisiniň wezipesini bolsa hindistanly Entoni Jon d Kosta ýerine ýetirerler.

Duşuşygyň komissary butanly Mindu Jorji bolar.

Ýeri gelende bellesek, 32 ýaşly Saud Aly şu ýylyň 3-nji aprelinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çäginde paýtagtymyzyň “Altyn Asyrynyň” “Dordoý” bilen geçiren duşuşygynda eminlik edipdi. Bişkekde geçen şol duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.

Saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň 19-njy noýabrda paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 16:00-da başlanýar.