Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň öňýany metbugat ýygnagy geçiriler

 

Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde 19-njy noýabrda paýtagtymyzda duşuşýan Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy baş tälimçileriň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler.

Metbugat ýygnagy 18-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynyň konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 12:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň altynjy tapgyrynyň çägindäki duşuşyk 19-njy noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary   Şri-Lankanyň milli ýygyndysyny kabul eder.

16:00-da başlanjak bu duşuşyk paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler.