Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde KHDR-iň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (23), Arslanmyrat Amanow (73) hem-de Wahyt Orazsähedow (88) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Myhmanlary6ň topuny italýanlaryň “Ýuwentusynda” çykyş edýän Han Kwan Son geçirmegi başardy. Bu duşuşyk 26 müň töwerek janköýeriň şaýatlygynda geçirildi.

Saýlama tapgyrçadaky dördünji duşuşygyny geçiren milli ýygyndymyz 6 utuk toplamagy başardy. 7 utukdan toplan Koreýa Respublikasynyň hem-de KHDR-iň ýygyndylary “H” toparçada öňdäki orunlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky nobatdaky duşuşygyny 19-njy noýabrda Şri-Lankanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.